Milli gymmatlyklara ygrarlylyk

26 Aprel 2021
838

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň açylyşy boldy

Paýtagtymyzdaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda 25-nji aprelde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň — döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar