Goşa baýramyň toý dabaralary

26 Aprel 2021
858

Ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerini myradyna, edermen alabaýlaryny ynamdar goragçysyna deňäp söýgüleýän türkmen halkymyzyň milli buýsançlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp derejede sarpalanýar. Muňa milli baýramçylyk senenamamyza täze goşulan Türkmen alabaýynyň baýramy hem mysaldyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ilkinji gezek bellenilip geçilen bu milli baýram her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde toýlanar.

25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu goşa baýram mynasybetli guralan dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

«Watan».
Beýleki habarlar