Behişdi bedewler — toý-baýramyň bezegi

26 Aprel 2021
1024

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Beýleki habarlar