"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Bolan waka

Razy etmek Türkmençilikde birek-biregi razy etmek, alan zadyňy ýerine salmak diýen ýaly gowy däpler bar. Men gulpagymy tasadyp ýören gyzjagazkam mellegimizde gowy erikler bardy. Bir gün Akga ejem (gaýtarmaka adamsy urşa gidip gelmedik) iki bedräni süýji erikden dolduryp: “Ýör, gyzym, Nurly agalara erik dadyryp geleli” diýip, menem yzyna düşürip alyp gitdi. Öz obamyzda bolsa-da aralyk ep-eslije bar eken. Akga ejem öýüň ýaşulusyny çagyrdyp gepleşdi. Meniň gulagymda galany onuň: “Razy bol, Nurly kaka!” diýen sözi boldy. Ol ýaşulynyň hem: “Wah, gyzym, men onsuzam razy ahyryn, ol ýyllar nämeler bolmaýardy” diýen sözi hakydamda galdy.

Halkyň hazynasyndan

Ýekeperi Tomsuň jöwzasynda seleň saýasy, salkyn şemaly hezil berýän köne gala barman, taýagatym beýle-de çertek dikdik. Harabanyň kölegesinde şemallaýan geçilere gözüm gidip oturşyma Aran çopandan näme üçin harabanyň kölegesine barmadygymyzy soradym. Ol dil açdy:

Pähim, paýhas, parasat

Matematika ylymlaryň şasydyr, arifmetika bolsa matematikanyň şasy. Ýaltalyk garyplygyň başlangyjydyr.

Arkadagly Serdaryň saýasynda

Asudadyr, agzybirdir halkymyz,Arkadagly Serdaryň saýasynda.Bagtly hem-de şat geçýändir wagtymyz,Arkadagly Serdaryň saýasynda. Hyjuwlydyr, gujurlydyr ýaşlary,Maksatlary belent, belent başlary,Bir suprada taýýar kylnar aşlary,Arkadagly Serdaryň saýasynda.

Gapana düşen möjek

(Hekaýa) Möjekleriň şeýleräk bir häsiýeti bar. Olar adamlardan örän gorkýarlar. Eldeki edip, her näçe saklajak bolsaň-da, çemini tapsalar gaçmak bilen bolýarlar. Diňe olary kiçijik wagtynda, onda-da heniz gözjagazlary açylmanka getirip saklap bilseň, eldeki edip bolmagy mümkin. Könelerimiz ýöne ýere aýtmandyrlar ahyry «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» ýa-da «Gurt çagasyny gundasaň-da durmaz» diýip. Möjek çagalary tä gözleri açylýança diňe süýt bilen oňýarlar, ýogsa-da heläk bolýarlar. Onsoňam möjekleriň ýene bir gylygy bar, ol hem adamlaryň taşlaýan süňk-saňklaryndan, öý haýwanlarynyň maslyklaryndan tamakinçilik etmekleri.

Garagum

Sen sahaby durmuş atly depderiň,Ak urpak çägäňi söýdüm, Garagum!Tamdyr howry kimin yssy epgegiňEjizje süňňüme çoýdum, Garagum! Jomart sen keşbiňi aýdaýyn eýsem,Sen ynsanyň dosty waspyňy diýsem,Her bir ösümligiň janlara melhem,Tarypyň her ýana ýaýdym, Garagum!

Söýenim, söýenjim sensiň, Watanym!

Watan — iň uly mukaddeslik. Muny her owazymda, her şygrymda, bendimde, setirimde gaýta-gaýta ýatlaýandyryn. Bizi giň gujagyna sygdyryp, goýnunda ýaýnadýan, ýaşadýan eziz Watanyň gadyry-gymmaty başgaça. Ol mydama ýüregiňde, kalbyňda, köňlüňde. Oýuň ol, pikiriň. Nirede ýörseňem, neneňsi ahwalda bolsaňam, Watan hemişe ýanyňda. Uzak menzillere rowana bolup, ummany aşanymda, «Ýanymda Watan» atly şygry ýazanym ýadymda.

Çyn sözi gudrat saýan

Dogrusy, şu makalany ýazmankam, kän oýlandym, ýöne baş redaktorymyzyň: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz edebi mirasymyzyň, edebiýatda, sungatda yz goýan ähli beýik şahsyýetlerimiziň hem ýylydyr. Şonuň üçin olar hakda-da ýazmalysyňyz» diýen sözleri göwnüme ganat bekletdi. Ikinji bir tarapdan, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyzyň döredijiligine akyl ýetirmekde ol hakda ýazylan, aýdylan zatlardan hem köp düşünje almak bolýar. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy öz goşgularynda beýik halypalaryň, söz ussatlarynyň birnäçesini hormat bilen ýatlap geçýär. Biziň köpimiziň görüp, duşuşan, söhbetdeş bolan şahyrlarymyzyň arasynda-da akyldar şahyryň eserlerini çagalygyndan okap başlan, onuň adyny döredijiliginde altyn gaş kimin lowurdadan ägirtler köp. Biz bu ýerde şahyr hakda ýörite eser döreden ýazyjy-şahyrlar barada söhbet etmekçi däl. Ol hakda ýörite eser döretmese-de, garaýyşlaryny miras goýan halypalar kän. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowdyr. Berdinazar aganyň Magtymgula bagyşlan şygyrlary aýratyn bir söhbediň gürrüňi, ýöne ony görnükli publisist hökmünde meşhur eden eserlerinde şahyr hakda aýdan gymmatly pikirleri şygyrlaryndakydan birjik-de pes däl. Döredijilik bilen gyzyklanýan, meşgullanýan adamlar üçin şahyryň şahyra, söz sungatyna sarpasynyň nähili belentdigini bilmekde şol aýdylan gymmatly

Manysy içinde, çözgüdi daşynda

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem tutuş adamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdir» diýip belleýär. Muny halkymyzyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden şahyryň tapmaça häsiýetli goşgulary-da aýdyň görkezýär. Geçmişde Gündogar edebiýatynda tapmaça häsiýetli goşgulary döretmek edebi däbe öwrülipdir. Magtymguly bu däbe eýerip birnäçe goşgulary ýazypdyr. Beýik söz ussadynyň döwet galamynyň astyndan çykan «Kaýdadygy bilinmez» şygry şeýle goşgularyň biridir. Bu goşgynyň çözgüdi dürli ýyllarda alymlaryň, milli mirasymyzy öwrenijileriň ünsüni özüne çekip geldi. Alym Muhammetnazar Annamuhammedow, Annadurdy Eýeberen ogly bu ugurda dürli çözgütleri okyjylara hödürledi.

Saz (Hekaýa)

Obamyzyň adamlary onuň çalýan sazyny gowy görerdi. Men bolsa onuň saz bilen bagly aýdýan gürrüňlerini diňlemegi halaýardym. Meni has-da heýjana salýan öz agasyny halas etmek üçin Şükür bagşynyň ýalňyz özüniň dutaryny alyp, ala daglardan aşandygy hakyndaky gürrüňleridi. Ol wagtlar oglan başym saz diýlen zadyň ýöne bir toý-tomguda çalynýan güýmenjedir öýderdi. Ýöne men bagşynyň gürrüňlerini diňledigimçe çözmesi kyn bolan uly meseläni bir dutaryň çözüp gaýdandygyna soň-soňlar oturyp-oturyp haýran galardym. Sazanda bolsa oturanlaryň ýüzüne birlaý serederdi-de, geçmiş asyrlaryň jümmüşine siňip şeý diýerdi: «Onsoň ol dutaryny alyp, niredesiň agam diýip, ala garlardan aşyp gidiberipdir. Öňde bolsa oňa durmuş diýlip atlandyrylýan düýpsüz derýa garaşýar. Ykbalyň hanjak gopjagyny bolsa bir Alla bilýär».

Iki çörek (Hindi tymsaly)

Bir hindi zenany günde iki çörek bişirýän eken. Olaryň biri maşgalasy, beýlekisi bolsa öýüniň golaýyndan geçip barýan ötegçiler üçin bolupdyr. Zenan mätäçlere görner ýaly, çöregi görnükli ýerde, ýagny bosagadaky tekjede goýýan eken. Ol her gezek çöregi goýanda uzak ýola ýolagçy bolan oglunyň sag-aman öýe dolanyp gelmegi barada doga okapdyr. Tiz wagtdan zenan tekjede goýýan çöregini günde bir derwüşiň alyp gidýändigine üns beripdir. Ýöne bu derwüş minnetdarlyga derek, her gezek: «Ýamanlyk janyňy ýakar, ýagşylyk ýüz esse gaýdyp geler» diýip, ýoluny dowam etdirip, gider eken. Bu ýagdaý günde gaýtalanyp durupdyr. Derwüşden alkyş alyp bilmejegine göz ýetiren zenan, öz ýanyndan onuň hereketine gatyrganyp, göwni galyp: «Günde bu adam gelip, meniň çöregimi alyp gidýär, emma ýekeje gezek hem sagbolsun aýdanok. Gaýtam, şol bir aýdanyny gaýtalap, ötägidýär» diýipdir.

Mukaddes ynam

Uly şatlyk, dabara, Diýarda toý bu günler,Ganat ýaýyp asmana, arşa uçsun göwünler.Gözüň aýdyň, mährem il, zähmetsöýer gallaçy,1 million 400 müň tonna taýýar türkmen gallasy! Neneň joşmasyn ýürek, neneň gülmesin gözler,Berekedin, rysgalyn eçilipdir bu düzler.Ak bugdaýly meýdanlar halkymyzyň baýlygy,Depe-depe harmanlar ömrümiziň barlygy.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy gymmatly çeşme bolup, döwletiň binýadyny berkitmekde, jemgyýeti kämilleşdirmekde, nesil terbiýesinde mynasyp orna eýedir. Şu nukdaýnazardan şahyryň eserleri gymmatyny ýitirmeýär. Magtymguly Pyragynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe biz türkmen halkynyň ýüreginde däl, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreginde ýaşaýar. Söz ussadynyň çeper döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki abraýyny arşa galdyrdy. Şahyryň çeper döredijiligi umumadamzat mirasynyň edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Akyldar şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna hem öz täsirini ýetiripdir.

Akyldar şahyryň döredijiliginiň taryhy gymmaty

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň köňül buýsanjyna öwrüldi. Akyldaryň akyl eleginden we ýürek telwasyndan syzylyp çykan şahyrana setirler türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky öwüt-ündewli setirler ýaşlary terbiýelemekde uly orun eýeleýär. Akyldar adamzat kalbynyň şahyry hökmünde beýik mertebä eýedir. Magtymgulynyň eserleriniň hyýalylykdan, howaýylykdan daş bolup, tutuşlygyna durmuş hakykatyna ýugrulmagy onuň goşgularyny özboluşly tapawutlandyrýar. Halky dilde halk köpçüligini gyzyklandyrýan, onuň gündelik meselelerini, ýürek küýsegini kämil çeperçilik serişdeleri, obrazlar arkaly gozgaýan hem olaryň çözgüdini berýän, il-güni pikir öwürmäge we netije çykarmaga imrindirýän eserleri döreden Magtymguly öz halky bilen bir jan, bir ten bolmagy başarýar.

Tejribe depderi

(Hekaýa) Meniň mekdebe gelen ilkinji günümden bäri bar aladam tejribe edinmek boldy. Bu pikiri aňyma salan hem Çary mugallymdy.

Magtymguly Pyragynyň zamanasy — akyldarlaryň asyry

Gündogaryň beýik akyldary, ähli döwürler üçin nusgalyk döredijiligi miras goýan Magtymguly Pyragynyň hormaty diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde ýokarydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyna doly şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň ýaşan we döreden döwrüni, ýagny XVIII asyryň başyndan tä XIX asyryň başyna çenli aralygy göz öňüne getireniňde şahyryň şu ajaýyp setirleri ýadyňa düşýär:

Sarpasy belent Pyragy

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýar. Bu asylly ýörelgäni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda görýäris. Şunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň, şeýle-de şahyryň edebi mirasyny wagyz edýän forumlaryň, halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly ylmy işleriň, monografiýalaryň, neşir önümleriniň çap edilmegine, çeper we dokumental filmleriň surata düşürilmegine, şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjekleriniň baýramçylyk ruhunda bezelmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimizde buýsanç döredýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat üçin egsilmez ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Şahyryň goşgularynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli dünýägaraýşy, ýaşaýyş pelsepesi, nesil terbiýesi giňden beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen türkmen halkynyň, umuman, Gündogar halklarynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde öçmejek yz galdyran söz ussadydyr. Şahyryň eserleri türkmen kalbynyň aýnasydyr. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuňňur many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Watan waspy

Söz ýetmez tarypyn beýan etmäge,Watan waspy mydam ähli ýazanym.Watan — sende jemlenendir yhlasym,Sendedir aýdymym, sazym, gazalym. Pederleriň bize goýan mirasy —Mukaddeslik.       Mukaddes sen topragym.Tebigatyň, sähraň jana melhemdir,Tenekardyr her bir ot-çöp, ýapragyň.

Akyldar şahyra

Ýola düşüp yşgyňda,Säher-sabany görsem.Adyň köňül köşgümde,Gezsem, dünýäni görsem. Ýeterden daş däl aýak,Barsak, myhmany bolsak,Halaçda Gyzylaýak,Gözel obany görsem.

Nusgawy edebiýat we sözleýiş medeniýeti

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň köňül buýsanjy bolup, onuň ruhy dünýäsinde baky ornaşypdyr. Akyldaryň akyl eleginden we ýürek telwasyndan syzylyp çykan şahyrana setirler häzire çenli şygryýet dünýäsinde elýetmez belentlikdir. Magtymgulynyň şygyrlary durmuş hakykatyna ýugrulandyr. Halkyň gündelik meselelerini, ýürek küýsegini kämil çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary döreden Magtymguly öz halky bilen bir jan, bir ten bolmagy başarypdyr.