Gapana düşen möjek

17 Iýul 2024
151

(Hekaýa)

Möjekleriň şeýleräk bir häsiýeti bar. Olar adamlardan örän gorkýarlar. Eldeki edip, her näçe saklajak bolsaň-da, çemini tapsalar gaçmak bilen bolýarlar. Diňe olary kiçijik wagtynda, onda-da heniz gözjagazlary açylmanka getirip saklap bilseň, eldeki edip bolmagy mümkin. Könelerimiz ýöne ýere aýtmandyrlar ahyry «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» ýa-da «Gurt çagasyny gundasaň-da durmaz» diýip. Möjek çagalary tä gözleri açylýança diňe süýt bilen oňýarlar, ýogsa-da heläk bolýarlar. Onsoňam möjekleriň ýene bir gylygy bar, ol hem adamlaryň taşlaýan süňk-saňklaryndan, öý haýwanlarynyň maslyklaryndan tamakinçilik etmekleri.

Öwlüýaguly Gurbanow,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar