Iki çörek (Hindi tymsaly)

16 Iýul 2024
190

Bir hindi zenany günde iki çörek bişirýän eken. Olaryň biri maşgalasy, beýlekisi bolsa öýüniň golaýyndan geçip barýan ötegçiler üçin bolupdyr. Zenan mätäçlere görner ýaly, çöregi görnükli ýerde, ýagny bosagadaky tekjede goýýan eken. Ol her gezek çöregi goýanda uzak ýola ýolagçy bolan oglunyň sag-aman öýe dolanyp gelmegi barada doga okapdyr.

Tiz wagtdan zenan tekjede goýýan çöregini günde bir derwüşiň alyp gidýändigine üns beripdir. Ýöne bu derwüş minnetdarlyga derek, her gezek: «Ýamanlyk janyňy ýakar, ýagşylyk ýüz esse gaýdyp geler» diýip, ýoluny dowam etdirip, gider eken. Bu ýagdaý günde gaýtalanyp durupdyr. Derwüşden alkyş alyp bilmejegine göz ýetiren zenan, öz ýanyndan onuň hereketine gatyrganyp, göwni galyp: «Günde bu adam gelip, meniň çöregimi alyp gidýär, emma ýekeje gezek hem sagbolsun aýdanok. Gaýtam, şol bir aýdanyny gaýtalap, ötägidýär» diýipdir.

Taýýarlan Mähriban DÖWRANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar