Nusgawy edebiýat we sözleýiş medeniýeti

14 Iýul 2024
353

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň köňül buýsanjy bolup, onuň ruhy dünýäsinde baky ornaşypdyr. Akyldaryň akyl eleginden we ýürek telwasyndan syzylyp çykan şahyrana setirler häzire çenli şygryýet dünýäsinde elýetmez belentlikdir.

Magtymgulynyň şygyrlary durmuş hakykatyna ýugrulandyr. Halkyň gündelik meselelerini, ýürek küýsegini kämil çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary döreden Magtymguly öz halky bilen bir jan, bir ten bolmagy başarypdyr.

Sapargözel ATAJANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar