Magtymguly Pyragynyň zamanasy — akyldarlaryň asyry

15 Iýul 2024
243

Gündogaryň beýik akyldary, ähli döwürler üçin nusgalyk döredijiligi miras goýan Magtymguly Pyragynyň hormaty diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde ýokarydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyna doly şaýatlyk edýär.

Magtymguly Pyragynyň ýaşan we döreden döwrüni, ýagny XVIII asyryň başyndan tä XIX asyryň başyna çenli aralygy göz öňüne getireniňde şahyryň şu ajaýyp setirleri ýadyňa düşýär:

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar