Akyldar şahyryň döredijiliginiň taryhy gymmaty

16 Iýul 2024
370

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň köňül buýsanjyna öwrüldi. Akyldaryň akyl eleginden we ýürek telwasyndan syzylyp çykan şahyrana setirler türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky öwüt-ündewli setirler ýaşlary terbiýelemekde uly orun eýeleýär. Akyldar adamzat kalbynyň şahyry hökmünde beýik mertebä eýedir.

Magtymgulynyň eserleriniň hyýalylykdan, howaýylykdan daş bolup, tutuşlygyna durmuş hakykatyna ýugrulmagy onuň goşgularyny özboluşly tapawutlandyrýar. Halky dilde halk köpçüligini gyzyklandyrýan, onuň gündelik meselelerini, ýürek küýsegini kämil çeperçilik serişdeleri, obrazlar arkaly gozgaýan hem olaryň çözgüdini berýän, il-güni pikir öwürmäge we netije çykarmaga imrindirýän eserleri döreden Magtymguly öz halky bilen bir jan, bir ten bolmagy başarýar.

Züleýha ŞADYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar