"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «akylly» Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bagyşlanan ylmy we amaly maslahat geçirildi. Maslahata Tehnologiýalar merkeziniň alymlaryndan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Arkadag şäher komitetiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Zehin siňen innowasion şäher

Arkadag şäheri zehinli türkmen ýaşlarynyň täze döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady ugrunda döredilen ajaýyp megataslamadyr. Şäheriň gurluşyklarynyň taslamalaryny we onuň programmalaryny işläp taýýarlamak, ony durmuşa geçirmek işlerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş hünärmenleri hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Zehin» okuw merkezi tertipnamalaýyn wezipeleriniň çäginde ýerine ýetirýän işlerini diwersifikasiýalaşdyryp, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde netijelilik görkezýär.

Tehnologiýalar äleminde

Täsin robotlar Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Hytaýyň «Fourier Intelligence» kompaniýasy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 100 sany GR-1 gumanoid robotyny öndürmegi meýilleşdirýär.Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu robotlaryň birnäçe nusgalarynyň barlag işleri geçirilýär. Agramy 55 kilograma, boýy 165 santimetre, tizligi sagatda 5  kilometre deň bolan bu robotlar 50 kilograma çenli agram götermäge ukyplydyrlar. Mundan başga-da, öýüň işlerine hem-de lukmançylyk edaralarynda hassalara ideg etmeklige ýardam edip biljekdigi olaryň özboluşly aýratynlygydyr.

Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň hususy düzümleriniň agzalary Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýän Çunsin şäherinde 4 – 6-njy sentýabrda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär. “Smart China Expo 2023” diýlip atlandyrylýan bu sergi şahsy gatnaşyk we wideoaragatnaşyk arkaly utgaşykly geçirilýär. 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu sergi intellektual eýeçilik we täze tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amatly giňişlikdir.

Sanly we «akylly» tehnologiýalaryň mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan kämil şäheriň nusgasydyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan bu ajaýyp şäheriň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi halkyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýar» diýip belleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanmak bilen, şäher düzümini dolandyrmagy, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Bu konsepsiýa ilatyň durmuş şertlerini yzygiderli kämilleşdirýär, häzirki zaman sanly hyzmatlaryň elýeterliligini artdyrýar. Şeýle hem şäher infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylanda tehniki enjamlaryň işleýşine we ýagdaýyna zerur bolan gözegçiligi üpjün edýän birnäçe amatlyklary özünde jemleýär.

Hu­su­sy­ýet­çi­ler san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ýar

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň bo­le­lin dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri hem dö­wür bi­len deň ga­dam urup, dün­ýä tej­ri­be­si­niň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge, önüm­çi­li­ge in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga hem uly äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Bu ba­bat­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy te­le­ke­çi Be­genç Ora­zo­wa de­giş­li «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly konditer, şöh­lat we ýa­rym taý­ýar azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yh­la­syn­dan ke­ma­la ge­lip, ok­gun­ly ösüş­le­riň ny­şa­ny­na öw­rü­len Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy ýur­du­my­zyň hu­su­sy­ýet­çi­le­ri­ni hem tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy. Ýur­du­my­zyň öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ry­nyň bi­ri hem se­bit­dä­ki il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­riň müm­kin­çi­lik­le­rin­den yl­ham alyp, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da iş­le­ýän tä­ze eda­ra ediş bi­na­sy­ny işe gi­riz­di. «Akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan eda­ra ediş bi­na­syn­da kär­ha­na­nyň önüm­le­ri­niň ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­dä­ki sa­tuw­l

«Akylly» şäheriň «akylly» hyzmatlary

Liftli ýerüsti geçelge Bu ýerüsti geçelgede basgançaklar bilen birlikde lift hem ornaşdyrylandyr. Mümkinçiligi çäkli, gartaşan adamlara, göwreli zenanlara ýoluň beýleki tarapyna geçmekleri üçin münüp-düşmekde bu geçelge hiç hili bökdençlik döretmeýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzda adamlaryň abadan durmuşy, ýaşaýşyň ýokary derejesi babatda ählitaraplaýyn alada edilýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezýär.

Tehnologiýalar dünýäsinde

Howa giňişliginde Bir döwür ylmy hyýalyň islegi bolan uçýan awtoulaglar ýakyn wagtlarda hakykata öwrüler. Golaýda «Alef Aeronautics» şereketine ABŞ-nyň raýat awiasiýasynyň Federal müdirliginden uçuşa ýaramlylygyň ýörite sertifikaty berildi. «Model A» atly uçýan awtomobile synaglara taýýarlygyň çäklerinde berlen bu sertifikata «Uçuşa ýaramlylygyň ýörite güwänamasy» diýilýär.

Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilýän kämil hünärmenleri ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilimlere, innowasiýalara we ösen jemgyýete daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek baş maksatlaryň biridir.

«Akylly» öýüň höziri

29-njy iýunda — Arkadag şäheriniň açylyşynda meniň üçin hem unudylmajak taryhy pursat boldy. Täze şäheriň «akylly» jaýlaryny görmäge gelen hormatly Prezidentimizi öz işläp taýýarlan «Arkadagly ýaşlar» programmamyz bilen tanyşdyrmak bagty miýesser etdi. Täze programmany «Arkadagly ýaşlar» diýip atlandyrdyk. Bu programmamyzda biz akylly öýe degişli bolan buýruklary özbaşdak ýerine ýetirer ýaly taýýarladyk. Ýagny lokal torda işleýän «akylly» öý ulgamy girizilen serweri ornaşdyrdyk. Mysal üçin, maşgala agzalary planşetiň üsti bilen telewizory işletseler, onda serwer enjamymyz ýiti ýanyp duran yşygymyzy köreldýär, perdeleri ýapýar, öý eýesine rahat ýagdaýy üpjün edýär. Öýümiziň otaglarynyň temperaturasyny we çyglylygyny awtomatik görnüşinde sazlaýar. Munuň üçin ýörite sensorda işleýän kondisionerler we çyglylyk berýän enjam ornaşdyrylandyr.

Nusgalyk hyzmatlaryň mekany

Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde ornaşdyrylan döwrebap sanly tehnologiýalary, «akylly» ulgamlary synlanyňda, häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri «akylly» şäherleriň aýdyň nusgasy bolmak bilen, onda öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Onuň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Täze şäherde sanly ulgamlary ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak boýunça degişli işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Şäheriň çäginde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G we 4G ülňülerinde işleýän iberiji-kabul ediji ulgamlarynyň enjamlar toplumlary gurnalyp, ähli ýerlerde öýjükli aragatnaşygyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Onuň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin 20 müň belgilik döwrebap «GPON» ulgamy, 25 müň müşderä niýetlenen hem-de goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 200 töweregi teleýaýlymy alyp görkezýän IP telewideniýe ulgamy işe goýberildi. Bu tehnologiýa her bir öýe o

Arkadag şäheriniň öýleri «Arkadagly ýaşlar» programmasy arkaly dolandyrylýar

Arkadag şäherindäki öýlerde «Arkadagly ýaşlar» programmasy hyzmat edýär. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, programma «akylly» öýe degişli buýruklary özbaşdak ýerine ýetirer ýaly taýýarlandy. Lokal torda işleýän «akylly» öý ulgamy girizilen serwer ornaşdyryldy. Maşgala agzalary planşetiň üsti bilen telewizory işledende, serwer enjamymyz ýiti ýanyp duran yşygy köreldýär. Perdeleri ýapýar. Öý eýesine rahat ýagdaýy üpjün edýär. Otaglaryň howasyny we çyglylygyny awtomatik görnüşde sazlaýar. Munuň üçin ýörite sensorda işleýän kondisionerler we çyglylyk berýän enjamlar bar. Otagdaky yşyklary ýiti, öçügsi diýen ýaly, dürli ýagtylyga-da getirmek mümkin.

Ýagty geljegiň ýalkymy

Ylmyň okgunly ösýän we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän häzirki zamanasynda ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň netijeli çözgütlerini nazarlaýan «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Döwrüň ösüşleri bilen deň gadam urýan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi hem halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatynyň, nurana geljegimiziň nyşany hökmünde kalbymyzy buýsanja besleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy innowasion maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna jemgyýetçilik meseleleriniň çözülmegini, daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleriň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Täze şäheriň esasy aýratynlyklary hökmünde durnuklylyk we ekologiýa abadançylygy, dolandyryşa ähli ýaşaýjylaryň, ýagny tutuş jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy, maglumatlaryň netijeli peýdalanylmagy, hyzmatlaryň hilini we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga bolan ymtylyş görkezilýär. Diýmek, «akylly» şäheri jemgyýetiň bähbidi üçin sazlaşykly işleýän bir bitewi janly bedene ýa-da bitewi mehanizme deňemek bolar. Şeýle şäherde ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar ýaşaýjylaryň durmuşyny ä

Sanly bilim — ösüşleriň kepili

Hormatly Prezidentimiziň: «Bilim her bir döwletiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edýän esasy kesgitleýji ugur bolup durýar» diýip bellemegi bilen, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, okuw sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak hem-de sanly çözgütlere ýüzlenmek barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olaryň netijesinde bolsa, ýaş nesillerimiziň bilim taýýarlygyny ýokary derejä ýetirmek baş maksat edip goýulýar. Bu maksada ýetmekde ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar we berilýän bilimleriň hil derejesi has-da ýokarlanýar. Sanlylaşdyrma milli ykdysadyýetimiz, şol sanda milli bilim ulgamymyz üçin hil taýdan täze döwür bolup durýar. Ol ösüşi tiz durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak arkaly, mundan beýläk-de okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biridir. Muňa mysal edip, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär. Döwrebap usullar arkaly sapaklaryň geçirilmegi biziň ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ýola goýulýar. Multimediýa tagtasynda we kompýuterlerden peýdalanyp geçirilýän daşary ýurt dillerini öwretmekdäki sapaklar, talyp ýaşlaryň şol dersleri has-da netijeli özleşdirmäge we olaryň bu derslere bolan höwesini artdyrmaga ýardam edýär. Sapagyň dowamynda talyplaryň görkezilýän wideoşekilleri diňläp, olarda ýaňlanýan sözleriň aýdylyşyna ün

Sanly ykdysadyýetde sanly tehnologiýalar

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde sanly ulgam dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanylýar. Sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstünlikli dowam etdirmek bilen, öz çykyşlarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýar. Bu babatda ýaňy-ýakynda uly dabara bilen açylan Arkadag şäheriniň «akylly» şäher gurluşygyna esaslanan mümkinçiliklerini mysal getirmek buýsandyryjydyr. Gysga wagtyň içinde bina edilen «akylly» şäherde döwrebap «akylly» şäherden talap edilýän howpsuzlyk, «ýaşyl» şäher, «akylly» ulag ulgamynyň, «akylly» gaz, suw we elektrik ulgamlarynyň hem-de «akylly» şäher hyzmatlarynyň ählisi kemala geldi.

Türkmenistanda ilkinji gezek Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligi döredi

TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze hyzmaty – Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligini ýola goýýar. HS Codes – Harytlaryň Gümrük Kodlary halkara bazaryndaky klassifikasiýa ulgamyny özünde jemleýär. Adatça alty sandan ybarat bolan (käbir ýurtlarda 7-den 10-a çenli) bu kod harytlar eksport ýa-da import edilende resminamada görkezilýär. Harytlaryň Gümrük Kodlaryna (HS Codes) laýyklykda, harytlar niýetlenilişine görä (egin eşik, tehnika we ş.m), şeýle-de ykdysady pudagyna laýyklykda bölünýär (dokma senagaty, azyk önümleri we beýlekiler).

Innowasion tehnologiýalar halkyň saglygynyň goragynda

Golaýda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara ylmy maslahat bu täsin “akylly” şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary we hünärmenleri gatnaşdylar.

«Akylly» şäheriň akylly hyzmatlary

Sary zolagyň sebäbi Şähere geleniňizde pyýadalaryň ýolundaky uzap gidýän sary zolaga nämekädir öýdäýmäň! Ol mümkinçiligi çäkliler üçin niýetlenendir. Bu täsin, özboluşly zolaga medeni-dynç alyş seýilgählerinde, ýaşaýyş jaýlarynyň we edaralaryň ýol ýakalarynda, mahlasy, «akylly» şäheriň ähli künjeginde diýen ýaly gabat gelmek mümkin. Munuň özi şäherde adam hakdaky aladadan nyşandyr.

Türkmenistanda innowasion taslamalaryň nobatdaky «Sanly çözgüt – 2023» bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurtda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Hamyr ýugrujy enjam

Asly bostonly telekeçi Jozef Li 1800-nji ýylyň ahyrynda çörek üçin awtomatik usulda hamyr ýugrujy enjamy oýlap tapýar. Onuň oýlap tapan bu enjamy çörek önümçiliginde uly ýeňillik döredýär. 1830-njy ýylda jenap Kawalýe bilen Pariždäki kiçiräk kompaniýalaryň biri «Petrisseur» atly mehaniki hamyr ýugrujy enjamy, ýene-de şol ýylda fransuz oýlap tapyjysy, «Linkoln’s Inn» hukuk edarasynyň wekili jenap Poul hem öz hamyr ýugrujy maşynyny ulanylyşa goýberýärler. Ýöne bu hamyr ýugrujy maşynlar diňe önümçilige niýetlenip döredilýär.