Tehnologiýalar äleminde

26 Iýul 2023
972

Täsin robotlar

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Hytaýyň «Fourier Intelligence» kompaniýasy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 100 sany GR-1 gumanoid robotyny öndürmegi meýilleşdirýär.Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu robotlaryň birnäçe nusgalarynyň barlag işleri geçirilýär. Agramy 55 kilograma, boýy 165 santimetre, tizligi sagatda 5  kilometre deň bolan bu robotlar 50 kilograma çenli agram götermäge ukyplydyrlar. Mundan başga-da, öýüň işlerine hem-de lukmançylyk edaralarynda hassalara ideg etmeklige ýardam edip biljekdigi olaryň özboluşly aýratynlygydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar