Nusgalyk hyzmatlaryň mekany

8 Iýul 2023
1035

Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde ornaşdyrylan döwrebap sanly tehnologiýalary, «akylly» ulgamlary synlanyňda, häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri «akylly» şäherleriň aýdyň nusgasy bolmak bilen, onda öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Onuň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Täze şäherde sanly ulgamlary ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak boýunça degişli işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Şäheriň çäginde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G we 4G ülňülerinde işleýän iberiji-kabul ediji ulgamlarynyň enjamlar toplumlary gurnalyp, ähli ýerlerde öýjükli aragatnaşygyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Onuň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin 20 müň belgilik döwrebap «GPON» ulgamy, 25 müň müşderä niýetlenen hem-de goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 200 töweregi teleýaýlymy alyp görkezýän IP telewideniýe ulgamy işe goýberildi. Bu tehnologiýa her bir öýe optiki-süýümli ulgamyň çekilip, sekuntda 1 gigabite çenli tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berer. Şäheriň merkezi seýilgähinde hem-de medeni-durmuş maksatly desgalarynda raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin her ulanyja ýokary tizlikde internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän Wi-Fi zolagy döredildi.

Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar