Türkmenistanda innowasion taslamalaryň nobatdaky «Sanly çözgüt – 2023» bäsleşigi geçiriler

26 Iýun 2023
1271

Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurtda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar