Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

25 Iýul 2023
1019

Türkmenistanyň hususy düzümleriniň agzalary Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýän Çunsin şäherinde 4 – 6-njy sentýabrda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.

“Smart China Expo 2023” diýlip atlandyrylýan bu sergi şahsy gatnaşyk we wideoaragatnaşyk arkaly utgaşykly geçirilýär. 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu sergi intellektual eýeçilik we täze tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amatly giňişlikdir.

Beýleki habarlar