Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

16 Iýul 2023
1424

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilýän kämil hünärmenleri ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilimlere, innowasiýalara we ösen jemgyýete daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek baş maksatlaryň biridir.

Şirin ORAZMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar