"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar — geljegi gurujylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary hakyndaky alada, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Munuň şeýledigini üstünliklere, şanly ýeňişlere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň guwandyryjy görkezijileri hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bagyşlanylan ilkinji eserini halkymyza sowgat etmegi hem doly tassyklaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserini halkymyza serpaý ýapmagynyň aňyrsynda juda beýik we mukaddes many-mazmunyň bardygy diýseň buýsandyryjydyr. Biz, ilki bilen, bu iki taryhy sazlaşygyň aňyrsynda türkmen ýaşlaryna bolan berk hem pugta ynamy görýäris. Şol ynam bolsa ýurdumyzyň geljeginiň ýaşlarymyzyňkydygy we hut şonuň üçin olaryň mynasyp nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda şu gün alada edilmelidigi, döwrebap bilim almaklary, döredijilikli işlemekleri, erkana ýaşamaklary, halkymyzyň milli edim-gylymlaryny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan milli gymmatlyklaryny sarpalap, aýawly saklap, indiki nesillere ýetirmelidikleri baradaky taryhy hakykatda jemlenýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri bilen içgin tanşan islendik okyjy hem aýdyp biler. Eserde türkmen ýaşlaryna bildirilýä

Arzan we peýdaly dökün

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen halk hojalygynyň islendik pudagynda ylmyň gazananlaryndan, ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Ylmyň gazananlarynyň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagyna uly üns berilmegi netijesinde bu ugurda täze açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň sany köpelýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaşlaryň arasynda ylmy bäsleşikleriň geçirilip ugramagy bolsa diňe bir ýokary okuw däl, orta mekdeplerde hem ylmy işlere höwesli ýaşlaryň bir toparyny ýüze çykarýar. Biziň orta mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Agabek Atajanow hem iýmit taýýarlanylanda, emele gelýän aşhana zyňyndylaryny çüýretmek we ony organiki dökün hökmünde medeni ösümlikleri ösdürmekde peýdalanmagyň bähbitlidigini tejribeler arkaly ylmy nukdaýnazardan öwrendi. Netijede ol aşhana zyňyndylaryndan medeni ösümlikler üçin organiki dökün taýýarlap boljakdygyny tejribeler arkaly aýdyňlaşdyrdy. Onuň tejribeleri esasynda alnan organiki dökün arzan we ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar. Agabek özüniň alyp barýan ylmy tejribeleriniň gowy netije bermegini hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary barada edýän tagallalary bilen baglanyşdyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýakyndan ýardam berilýär, olary ylym-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin maksatlaýyn işler durmuşa geçi

Bilimli nesil — ýurdumyzyň daýanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda ylym-bilimiň, maglumat tehnologiýalarynyň, bu ugurdaky tejribeleriň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmekde, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrmakda amala aşyrylýan işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri her bir bilim işgäri üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr». Häzirki wagtda bilimiň ösüşinde sanly ulgamyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Aragatnaşyk ulgamy häzirki döwürde adamyň gündelik durmuşyna mäkäm ornaşdy. Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamyny taslamak, gurmak hem-de älem giňişligine çykaryp peýdalanmak ýurtda aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, şeýle hem birnäçe döwlet we milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berdi hem-de ykdysady girdejileriň ýokarlanmagyna hem özüniň oňyn tasirini ýetirdi.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaşlar — watanyň geljegi we daýanjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy uly üstünliklere eýe bolýar. Bu ugurda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzy, aýratynam, bilim işgärlerini, ýaşlary uly ruhubelentlige ýetirýär. Ösüp gelýän ýaş nesle bilim-terbiýe berip, olary watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly, zehinli nesil hökmünde ýetişdirmek üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ajaýyp zamanamyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, milli däp-dessurlaryň esasynda terbiýelenmegi ugrunda biziň mekdebimizde hem köp işler ýerine ýetirilýär.

Sanly bilim — döwrüň talaby

Döwlet serhet gullugynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Serhet institutynda hem harby bilim ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Bu ýokary harby okuw mekdebiniň tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi harby talyplara berilýän bilimiň hiliniň ýokary ülňülere laýyk gelmegine oňyn şert döredýär. Institutda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerini tapgyrlaýyn amala aşyrmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň çäklerinde bilim portaly döredildi. Ýokary harby okuw mekdebinde harby talyplara bilim bermekde döwrebap usullardan peýdalanmaga, sanly wideoaragatnaşyk arkaly sapaklary geçirmäge, bilim portalynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Portalda ylmy maglumatlaryň, kitaplaryň, gollanmalaryň sanly gory döredilip, onuň maglumat goruny baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça gündelik işler alnyp barylýar. Institutyň okuw otaglarynyň häzirki zaman interaktiw we multimediýa tagtalary bilen üpjün edilmegi, barlaghana otaglarynyň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy harby talyplara döwrebap bilim bermäge oňyn şert döredýär. Sapak döwründe dersler boýunça okuw gollanmalary bilen birlikde, portalda barlaglary geçirmek we awtomat usulda bahalandyrmak mümkinçiliklerinden hem peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, harby talyplary okatmakda ýurdumyzdaky beýleki ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Döwlet serhet

Göwnümiz galkyndy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky Karara gol çekmegi şäherçämiziň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylarynyň göwün guşuny ganatlandyran waka boldy. Bu gün ýurdumyzyň has çetki obadyr şäherçelerine hem aýratyn üns berilýändigine begendik, buýsandyk. Täze guruljak mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň Bokurdak şäherçesindäki Lolly Weliýew adyndaky 35-nji orta mekdepden uzak bolmadyk ýerde ýerleşjekdigi has-da guwandyrýar. Täze mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň iki gatdan ybarat bolmagy, onuň çäginde sport-bedenterbiýe meýdançalarynyň, okuw ekin meýdançalarynyň, dynç alyş seýilgähiniň, naharhananyň göz öňüne tutulmagy okuwçy ýaşlardyr bilim işgärlerine giň mümkinçilikleri döreder. Ajaýyp toplumy emele getirjek täze binalaryň şäherçämize özboluşly görk berjekdigine ynanýarys. Nesip bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp günlerinde täze mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna şaýat bolarys.

Zehinli ýaşlaryň ders bäsleşigi

Welaýatymyzda 10-njy we 11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasyndaky «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň etrap tapgyrlary üstünlikli geçdi. Bu bäsleşik ýaşlara zehin-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. AK BUGDAÝ. Etrapda mekdep okuwçylarynyň arasyndaky «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň ýokary derejede geçmegi ugrunda mynasyp tagallalar edilýär. Şeýle tagallalar netijesinde 10-njy we 11-nji synp okuwçylaryň arasyndaky ders bäsleşiginiň etrap tapgyry üstünlikli tamamlandy.

Bilimli ýaşlar röwşen geljegimizdir

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesle döwrebap derejede bilim-terbiýe bermek we olary ata Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Şonuň üçin bilim işgärleri elmydama kämilligiň we täzeçilligiň gözleginde bolmalydyrlar. Şeýle ajaýyp zamanada bilim işgärlerine bilim dünýäsindäki täzeliklerden, ylmy gözleglerden habarly bolup, Watany gülledip ösdürmek hem-de bu ugra öz mynasyp goşandyny goşmak paýy düşýär. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu kitap ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olary watançy ýaşlar edip ýetişdirmekde bilim işgärleri üçin bahasyz gollanma bolup hyzmat edýär. Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda ýaşamaga, okamaga, hünär edinip, halal zähmet çekmäge eýe bolan ýaşlarymyzyň döredijilik güýjüni, yhlasyny aýdyň açyp görkezýän bu kitap halkymyzyň ýankitabyna öwrüler.

Gurnaklaryň işini guramagyň ýollary

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili barha kämilleşýär, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy tejribelerini, usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ulgamda degişli döwlet resminamalary kabul edilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk derejelere ýetirmek döwrüň talabydyr. Şol esasda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw maksatnamalary «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» boýunça alnyp barylýar. Bu maksatnamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary mekdebe taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakda we ösdürmekde okuwdan daşary goşmaça bilim bermek (çeper döredijilik we ösdüriji gurnaklar) işini ýola goýmak hem göz öňünde tutulandyr. Çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine esasy bilim bilen birlikde, gurnak işleri hem öz täsirini ýetirýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hereket edýän gurnaklaryň dürli görnüşleri işimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gurna

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Türkmen halky milli gymmatlyklara, gadymdan gelýän asylly ýörelgelere aýratyn sarpa bilen garaýar. Bu asylly ýörelge «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da rowaçlanýar. Bu ýylda milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar, ylmy esasda öwrenilýär. Milli ýörelgeleri kemala getiren halkymyz ýaşlary terbiýelemek, kemally nesilleri ýetişdirmek ýaly millilikleri ösdüripdirler. Bu hakynda beýan edenimizde taryhyň dürli döwürlerinde döredilen eserler, şadessanlar, nakyllar, pähimler aýdyň mysal bolup durýar. Milli terbiýämiziň asylly ýörelgeleri, esasan, halkyň döreden nakyllarynda hem-de pähimlerinde beýan edilipdir. Şeýle hem nusgawy edebiýatyň ajaýyp eserleri nesil terbiýesinde uly orun eýeläpdir. Biz şeýle pähimlere ýüzlenip, ata-babalarymyzyň kämillik mekdebine göz ýetirýäris. Bu pähimlerde kämilligiň mekdebi bar, asyrlaryň tejribesini geçen ýol-ýörelgeler bar. Nusgawy edebiýatymyz, halk döredijilik eserleri diňe bir terbiýe bermegiň baş ýörelgesi bolman, eýsem, ýaşlaryň dil medeniýetini ösdürmekde hem, söz baýlyklaryny baýlaşdyrmakda hem örän ähmiýetlidir. Sebäbi bu eserlerde ene dilimiziň baýlyklary, sözleriň manysy saklanýar. Şonuň üçin hem pikirlerimizi beýan edenimizde nakyllara ýüzlenmek, pähimli sözleri beýan etmek medeniýetliligiň gözbaşydyr. Munuň özi ýaş nesilleriň terbiýesinde hem hut şeýledir. Ýaş nesiller pähimli sözleri tiz öwrenýärler, onuň manysyna düşün

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2024-2025-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Dil öwrenmekde döwrebap mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim berilmegi, olaryň hünär öwrenmegi, edep-terbiýeli, Watana, il-güne wepaly adam-lar bolup ýetişmegi üçin aýdyň maksatly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik maksatly işleriň netijesinde ýurdumyz sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi ýaşlaryň kämil bilim almaklary, döwrebap ösüşleriň üpjün edilmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine mynasyp goşant goşmak döwrebap bilimli ýaşlara bagly bolup durýar. Watanymyzyň ykdysady we medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak we onuň abraýyny halkara derejesinde ýokarlandyrmak, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gaza-nanlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli ýetişdirmek bu işiň özenini düzýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmakda we bu ugurda bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmakda mugallymlaryň aýratyn orny bardyr. Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen,

Çaga terbiýesinde terbiýeçiniň wezipesi

Çagalary ýaşlygyndan terbiýelemek, olaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak möhüm ugurlaryň biridir. Bu işleriň ilkinji basgançaklary bolsa mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Has takygy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, çagalaryň tebigy zehinini, başarnygyny, şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we ösdürmek boýunça zerur çäreleriň geçirilmegi bilim işgärleriniň öňündäki esasy wezipe bolup durýar. Çagalary terbiýelemegiň özboluşly aýratynlyklary bar. Ilki bilen, terbiýeçiniň, mugallymyň çaganyň sylaýan, hormatlaýan ynsany bolmagy möhümdir. Şonuň netijesinde körpeje terbiýeçiniň diýenini ýadynda saklaýar, hereketlerine gözegçilik edýär. Munuň üçin çagalar bilen gürleşilende hoşgylaw, mähriban bolmak esasy şertleriň biri bolup durýar. Çaga özüniň ynanan adamy bilen gündelik wakalary, öwrenen täzelikleri barada söhbet etmäge başlaýar. Şu ýerde terbiýeçi çaga bilen özbaşdak işlemegiň usullaryndan peýdalanyp biler. Körpäni gyzyklandyraýjak özbaşdak ýumuşlary tabşyryp biler.

Edebi sözleýiş dilini öwretmegiň usullary

Edebiýaty okatmakda okuwçylaryň dogry sözlemek hem-de dürs ýazuw endiklerini ösdürmek esasy wezipeleriň biridir. Şonuň üçin her bir türkmen dili we edebiýat mugallymy okuwçynyň öz düşünjesini, dünýägaraýşyny edebi dilde dogry, düşnükli aýdyp bilmegini, oý-pikirini ýazuwda özbaşdak beýan etmegi başarmagyny gazanmalydyr. Bäşinji synpdan başlap, edebiýaty okatmak, öwretmek bilen baglylykda geçirilýän ýazuw işleriniň şular ýaly görnüşleri bar:

Dürs ýazuw endiklerini ösdürmekde sözlük diktantlarynyň ähmiýeti

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Olary döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, kämil hünärmenler edip ýetişdirmekde bilim işgärlerine giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň ene dilimizde dogry hem-de dürs gepläp we ýazyp bilmegi sowatlylyk derejesiniň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Okuwçynyň türkmen edebi diliniň orfografik kadalaryna laýyklykda dürs ýazyp bilmegini üpjün etmek işinde möhüm orun başlangyç synplardan soňra, türkmen dili mugallymlaryna degişlidir. Bu işi amal etmekde mugallym dürli usullardan peýdalanyp biler. Ilkinji nobatda, iş depderlerini talabalaýyk, wagtly-wagtynda barlamak we her bir okuwçynyň goýberen ýalňyşlarynyň üstünde aýratynlykda durup geçmäge çalyşmak zerur. Ýalňyş ýazylan sözi dogry görnüşinde synp tagtasynda düşümde, ýöňkemede üýtgetdirmek, şol sözi ulanyp, birnäçe sözlemleri düzdürmek, ähli ýalňyşlary ulanyp, tekst düzmegi goşmaça ýumuş hökmünde öýe tabşyrmak netijeli usuldyr. Şeýle netijeli usullaryň ýene biri hem sözlük diktantlaryny ýazdyrmakdyr. Bu usul örän köp okuwçylarda dürs ýazuw endiklerini kemala getirmekde oňat netije berýär. Alymlaryň bellemegine görä, adamda ýatda saklamagyň dürli görnüşleri bolup, olara görüş, eşidiş, duýuş, ys alyş arkaly ýatda saklamak we beýlekiler degişlidir. Her bir adamyň aň we fiziki ösüşine, aýratynlyklaryna baglylykd

Okuwçylaryň pikirleniş ukybyny kemala getirmek

Dil adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm aragatnaşyk serişdesi hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilen medeni gymmatlykdyr. Muny dünýä dilleriniň giňden öwrenilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Biziň jemgyýetimizde dünýä dillerini öwrenmek, aýratyn hem ýaşlarymyza öwretmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, şeýle-de uly jogapkärçiligi, irginsiz öwrenmegi we öwretmegi talap edýän mugallymçylyk kärinde zähmet çekýän, onda-da okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça sapak berýän her bir mugallymyň öz usuly temasy bolýar. Men hem şu okuw ýylynda okuwçylara daşary ýurt dilini öwredýän mugallym hökmünde «Okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmekde we olara dil öwretmekde oýunlaryň ähmiýeti» diýen temany saýlap aldym. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başyndan bäri her bir sapagymy, guraýan synpdan daşary çärelerimi, gurnaklarymy, açyk sapaklarymy şu tema bilen baglanyşdyryp geçýärin. Bu bolsa işimiň has-da netijeli bolmagyna, okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmäge, dil öwrenmäge uly mümkinçilik berýär. «Okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmekde we olara dil öwretmekde oýunlaryň ähmiýeti» diýen temanyň üsti bilen her gezek geçilmeli sapagym tamamlanandan soň täze okuw oýunlaryny hödürleýärin. Bu usul bilen okuwçylary dil öwrenmäge höweslendirmek, ýatkeşligini ösdürmek, täze sözleri öwrenmäge isleg döretmek, olaryň döredijilik ukyplaryny, täze başarnyklaryny

Dehistandan uzan ýol

Onuň göz açyp göreni gyrkylyk yzly guba çägeler. Gadymy Dehistanyň uç-gyraksyz ýaýlyp ýatan sähralygy, bahar pasly kösük köwläp, kömelek, domalan çöplän ýerleri onuň köňül sandygynda mäkäm ornaşypdyr. Ynsan ömrüniň baky ýatda galjak süýji ýatlamalaryny özünde jemleýän onuň çagalyk döwri şu sährada geçdi. Söhbedini etjek şahyrymyz Güýçnazar Täşliýew. Güýçnazar Etrek etrabynyň Madaw obasynda dogulýar. Obadaky 3-nji orta mekdepde okap, bilim-terbiýe alýar. Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, ony üstünlikli tamamlaýar. Birnäçe ýyl Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekýär. Güýçnazar Täşliýew ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlaslyny gaýgyrmaýar. Häzirki döwürde Balkan welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda birinji derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Onda kitaba, çeper söze bolan teşnelik, söýgi, yhlas heniz obadaky mekdebiň başlangyç synpynda okaýarka ýüze çykyp ugraýar. Munuň şeýle bolmagynda, mekdep kitaphanasyna ýarym asyr wagt müdirlik eden ejekesi Gurbansoltanyň täsiri uly bolupdyr. Ol kitaphana täze gelen ertekili, goşgudyr hekaýaly kitaplary gyzgyny bilen Güýçnazara okamaga getirip berýär ekeni. Bu ýagdaý onuň kitaplar dünýäsine imrigmegine badalga beripdir. Soňy bilen Güýçnazaryň özi hem goşgudyr hekaýa ýazmakda zehinini

Sy­nag­la­ra nä­hi­li taý­ýar­lan­ma­ly?

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Gyş pas­ly­nyň il­kin­ji aýy­nyň gel­me­gi bi­len mek­dep okuw­çy­la­ry gyş­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne çyk­sa­lar, ýo­ka­ry we or­ta okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry üçin sy­nag döw­ri baş­lan­ýar. Sy­nag­lar okuw döw­rün­de ge­çi­len sa­pak­la­ry nä­hi­li öz­leş­dir­me­gi ba­şa­ran­dy­gy­ňy ýü­ze çy­kar­ýan okuw işi­niň bir gör­nü­şi­dir. Adat­ça, bu dö­wür­de äh­li ta­lyp­la­ry tol­gun­ma, al­jy­raň­ňy­lyk, gor­ky, how­sa­la ýa­ly duý­gu­lar gur­şap al­ýar. Bi­raz gor­ky duý­gu­sy­nyň bol­ma­gy ka­da­ly ha­sap­lan­sa-da, beý­le­ki­ler­den, aý­ra­ty­nam, how­sa­la­dan özü­ňi daş tut­mak ze­rur­dyr. Özüň­dä­ki how­sa­la­ny ýok et­mek üçin bol­sa sy­nag­dan go­wy geç­jek­di­gi­ňe bo­lan ynam ge­rek. Ynam hem sy­nag­la­ra go­wy taý­ýar­lan­mak ar­ka­ly ga­za­nyl­ýar. Şu ba­bat­da­ky kä­bir mas­la­hat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik:

Beýik geljegimiz şu günden başlanýar

Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar şöhratly taryhymyza altyn sahypalar bilen ýazylýar. Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylymyz halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme şanly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndaky: «Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri» diýen sözleri geçilen günlere, has dogrusy, iň täze taryhymyzdan orun alan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna ser salmaga, amal edilen işlere seljerme bermäge itergi berýär.