Göwnümiz galkyndy

23 Ýanwar 2024
763

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky Karara gol çekmegi şäherçämiziň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylarynyň göwün guşuny ganatlandyran waka boldy. Bu gün ýurdumyzyň has çetki obadyr şäherçelerine hem aýratyn üns berilýändigine begendik, buýsandyk.

Täze guruljak mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň Bokurdak şäherçesindäki Lolly Weliýew adyndaky 35-nji orta mekdepden uzak bolmadyk ýerde ýerleşjekdigi has-da guwandyrýar. Täze mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň iki gatdan ybarat bolmagy, onuň çäginde sport-bedenterbiýe meýdançalarynyň, okuw ekin meýdançalarynyň, dynç alyş seýilgähiniň, naharhananyň göz öňüne tutulmagy okuwçy ýaşlardyr bilim işgärlerine giň mümkinçilikleri döreder. Ajaýyp toplumy emele getirjek täze binalaryň şäherçämize özboluşly görk berjekdigine ynanýarys. Nesip bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp günlerinde täze mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna şaýat bolarys.

Täçmuhammet LOLLYÝEW,
Ak bugdaý etrabyndaky Lolly Weliýew adyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri.