Beýik geljegimiz şu günden başlanýar

19 Ýanwar 2024
731

Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar şöhratly taryhymyza altyn sahypalar bilen ýazylýar. Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylymyz halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme şanly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndaky: «Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri» diýen sözleri geçilen günlere, has dogrusy, iň täze taryhymyzdan orun alan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna ser salmaga, amal edilen işlere seljerme bermäge itergi berýär.

Almanar ÝAZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.