Sanly bilim — döwrüň talaby

24 Ýanwar 2024
408

Döwlet serhet gullugynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Serhet institutynda hem harby bilim ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Bu ýokary harby okuw mekdebiniň tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi harby talyplara berilýän bilimiň hiliniň ýokary ülňülere laýyk gelmegine oňyn şert döredýär. Institutda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerini tapgyrlaýyn amala aşyrmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň çäklerinde bilim portaly döredildi. Ýokary harby okuw mekdebinde harby talyplara bilim bermekde döwrebap usullardan peýdalanmaga, sanly wideoaragatnaşyk arkaly sapaklary geçirmäge, bilim portalynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Portalda ylmy maglumatlaryň, kitaplaryň, gollanmalaryň sanly gory döredilip, onuň maglumat goruny baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça gündelik işler alnyp barylýar.

Institutyň okuw otaglarynyň häzirki zaman interaktiw we multimediýa tagtalary bilen üpjün edilmegi, barlaghana otaglarynyň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy harby talyplara döwrebap bilim bermäge oňyn şert döredýär. Sapak döwründe dersler boýunça okuw gollanmalary bilen birlikde, portalda barlaglary geçirmek we awtomat usulda bahalandyrmak mümkinçiliklerinden hem peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, harby talyplary okatmakda ýurdumyzdaky beýleki ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleri bilen özara teleköpri arkaly arabaglanyşygy ulanyp, wideoaragatnaşygyň üsti bilen okuw sapaklaryny geçirmek mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamy talyplara mugallym bilen maglumat alyşmaga, okuw maglumatlaryny diňlemäge, wideoýazgylar arkaly özbaşdak taýýarlanmaga giň mümkinçilik berýär. Bu bolsa mugallymlaryň hünär ussatlygyny, şeýle-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirýär hem-de harby talyplaryň özbaşdak ukyp-başarnyklaryny ösdürýär.

Ejegül ESENOWA,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy, maýor.