Çaga terbiýesinde terbiýeçiniň wezipesi

21 Ýanwar 2024
1092

Çagalary ýaşlygyndan terbiýelemek, olaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak möhüm ugurlaryň biridir. Bu işleriň ilkinji basgançaklary bolsa mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Has takygy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, çagalaryň tebigy zehinini, başarnygyny, şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we ösdürmek boýunça zerur çäreleriň geçirilmegi bilim işgärleriniň öňündäki esasy wezipe bolup durýar.

Çagalary terbiýelemegiň özboluşly aýratynlyklary bar. Ilki bilen, terbiýeçiniň, mugallymyň çaganyň sylaýan, hormatlaýan ynsany bolmagy möhümdir. Şonuň netijesinde körpeje terbiýeçiniň diýenini ýadynda saklaýar, hereketlerine gözegçilik edýär. Munuň üçin çagalar bilen gürleşilende hoşgylaw, mähriban bolmak esasy şertleriň biri bolup durýar. Çaga özüniň ynanan adamy bilen gündelik wakalary, öwrenen täzelikleri barada söhbet etmäge başlaýar. Şu ýerde terbiýeçi çaga bilen özbaşdak işlemegiň usullaryndan peýdalanyp biler. Körpäni gyzyklandyraýjak özbaşdak ýumuşlary tabşyryp biler.

Ogulgerek AKYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 161-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.