Dehistandan uzan ýol

21 Ýanwar 2024
629

Onuň göz açyp göreni gyrkylyk yzly guba çägeler. Gadymy Dehistanyň uç-gyraksyz ýaýlyp ýatan sähralygy, bahar pasly kösük köwläp, kömelek, domalan çöplän ýerleri onuň köňül sandygynda mäkäm ornaşypdyr. Ynsan ömrüniň baky ýatda galjak süýji ýatlamalaryny özünde jemleýän onuň çagalyk döwri şu sährada geçdi. Söhbedini etjek şahyrymyz Güýçnazar Täşliýew.

Güýçnazar Etrek etrabynyň Madaw obasynda dogulýar. Obadaky 3-nji orta mekdepde okap, bilim-terbiýe alýar. Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, ony üstünlikli tamamlaýar. Birnäçe ýyl Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekýär. Güýçnazar Täşliýew ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlaslyny gaýgyrmaýar. Häzirki döwürde Balkan welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda birinji derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Onda kitaba, çeper söze bolan teşnelik, söýgi, yhlas heniz obadaky mekdebiň başlangyç synpynda okaýarka ýüze çykyp ugraýar. Munuň şeýle bolmagynda, mekdep kitaphanasyna ýarym asyr wagt müdirlik eden ejekesi Gurbansoltanyň täsiri uly bolupdyr. Ol kitaphana täze gelen ertekili, goşgudyr hekaýaly kitaplary gyzgyny bilen Güýçnazara okamaga getirip berýär ekeni. Bu ýagdaý onuň kitaplar dünýäsine imrigmegine badalga beripdir. Soňy bilen Güýçnazaryň özi hem goşgudyr hekaýa ýazmakda zehinini synap görýär. Mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, birnäçe kitaplaryň awtory, zehinli ýazyjy, edebiýat gurnagynyň ýolbaşçysy Annatagan Nurgeldiýewiň türkmen dili we edebiýaty dersinden geçýän her bir täsirli sapagy, edebiýat gurnagyndaky çykyşy, ýaşlara berýän degerli maslahatlary bu ugra höwesekleriň barha kämilleşmegine itergi berýär.

Röwşen TAGAN,
şahyr.