Okuwçylaryň pikirleniş ukybyny kemala getirmek

21 Ýanwar 2024
773

Dil adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm aragatnaşyk serişdesi hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilen medeni gymmatlykdyr. Muny dünýä dilleriniň giňden öwrenilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Biziň jemgyýetimizde dünýä dillerini öwrenmek, aýratyn hem ýaşlarymyza öwretmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, şeýle-de uly jogapkärçiligi, irginsiz öwrenmegi we öwretmegi talap edýän mugallymçylyk kärinde zähmet çekýän, onda-da okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça sapak berýän her bir mugallymyň öz usuly temasy bolýar. Men hem şu okuw ýylynda okuwçylara daşary ýurt dilini öwredýän mugallym hökmünde «Okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmekde we olara dil öwretmekde oýunlaryň ähmiýeti» diýen temany saýlap aldym. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başyndan bäri her bir sapagymy, guraýan synpdan daşary çärelerimi, gurnaklarymy, açyk sapaklarymy şu tema bilen baglanyşdyryp geçýärin. Bu bolsa işimiň has-da netijeli bolmagyna, okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmäge, dil öwrenmäge uly mümkinçilik berýär.

«Okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmekde we olara dil öwretmekde oýunlaryň ähmiýeti» diýen temanyň üsti bilen her gezek geçilmeli sapagym tamamlanandan soň täze okuw oýunlaryny hödürleýärin. Bu usul bilen okuwçylary dil öwrenmäge höweslendirmek, ýatkeşligini ösdürmek, täze sözleri öwrenmäge isleg döretmek, olaryň döredijilik ukyplaryny, täze başarnyklaryny açmak meniň esasy maksadym bolup durýar.

Nigara ISMETOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.