Bilimli nesil — ýurdumyzyň daýanjy

24 Ýanwar 2024
406

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda ylym-bilimiň, maglumat tehnologiýalarynyň, bu ugurdaky tejribeleriň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmekde, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrmakda amala aşyrylýan işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri her bir bilim işgäri üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr».

Häzirki wagtda bilimiň ösüşinde sanly ulgamyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Aragatnaşyk ulgamy häzirki döwürde adamyň gündelik durmuşyna mäkäm ornaşdy. Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamyny taslamak, gurmak hem-de älem giňişligine çykaryp peýdalanmak ýurtda aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, şeýle hem birnäçe döwlet we milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berdi hem-de ykdysady girdejileriň ýokarlanmagyna hem özüniň oňyn tasirini ýetirdi.

Sülgün ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.