"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jogapkärli pagta ýygymy möwsüminde

Güneşli Diýarymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagtaçylarymyz yhlas-azabyny siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli işleýärler. Şeýle jogapkärli we gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hünärmenleri gowaça meýdanlarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda we hasyly kabul edýän harmanhanalarda bolup, zähmetkeşler bilen iş üstünde duşuşýarlar hem-de olara tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça degerli maslahatlaryny berýärler. Şeýle çäreler zähmetkeşleriň işe has-da jogapkärli çemeleşmegine özboluşly itergi berýär. Pagta ýygyjy kombaýnlaryň köpçülikleýin gowaçaly atyzlara girjek günleri hem uzakda däl. Şoňa görä-de, “polat atlara” erk etjek mehanizatorlaryň arasynda-da düşündiriş işlerini alyp barýarys. Ýeri gelende, pagta ýygymynyň öňüsyrasynda etraplaryň “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynda kombaýnçylaryň arasynda tehniki howpsuzlyk düzgünleri boýunça okuw maslahatlarynyň hem geçirilendigini bellemek gerek.

Küşt ýaryşy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan küşt ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa sport mekdebine gatnaýan çagalar gatnaşdy. Ýaş nesliň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, akyl-paýhas oýny boýunça ökdeleri ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle-de baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününi dabaralandyrmak maksadyndan ugur alan ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaryşda güýçli küştçüler öňe saýlandy hem-de höweslendirildi.

Taryhy wakalar wagyz edilýär

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebinde “tegelek stoluň” başynda geçen söhbetdeşlik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleri tarapyndan bilelikde guraldy. Watanymyzyň beýik ösüşdir özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen bolan söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şonuň bilen baglylykda, söhbetdeşlige gatnaşanlar Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada gürrüň edip, umumymilli forumda kabul ediljek çözgütleriň möhüm ornuna ünsi çekdiler.

Toý ruhuna eýe boldy

Bäherden etrap sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, sport mekdebiniň halypa tälimçileridir türgenleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk bilen galkynan türkmen sporty” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, Watanymyzyň ösüşleri, sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi. Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty, ýaşlaryň sportda taplanmagy we dürli ýaryşlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmegi ugrunda döredilen şertler hakda aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi.

Bilim — röwşen geljege binýat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Şonuň bilen baglylykda, okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär, bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar, döwrebap mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Çagalar baglarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmekde, bilimli, aň taýdan ösen, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmekde, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmakda, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmekde, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýeti bardyr. Konsepsiýada göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, kämil bilimli, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, hakyky watansöýüji nesliň kemala gelmegine itergi berer.

Ýolyşyk — biziň dostumyz

Sarahs etrabyndaky 13-nji orta mekdepde «Ýolyşyk — biziň dostumyz» ady bilen başlangyç synp mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli guralan bäsleşigiň esasy maksady ýaş nesliň ýol hereketiniň düzgün-kadalary boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan we bu babatdaky düşünjesini doly açyp görkezmekden ybarat boldy. Bäsleşigi etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi, etrabyň bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurap, oňa etrabyň mekdeplerinden toparlar gatnaşdy. Gyzykly geçen bäsleşik ýol hereketiniň ýaş gözegçileriniň arasyndan iň başarjaň toparlary ýüze çykardy. Şeýlelikde, etrapdaky 21-nji orta mekdebiň topary ýeňiji boldy.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

Garaşsyz Watanymyz okgunly ösýär we barha özgerýär. Döwletli tutumlar, asylly başlangyçlar we aýdyň maksatlar rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu zatlar baky bagtyýarlygyň güwäsidir. Watanymyz bu gün toý keşbinde. Beýik döwrüň döredijilik we gurujylyk ruhy, toý öwüşginleri gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde mese-mälim duýlup, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýunyň garşylanýan çagynda ýurdumyzyň ýeten derejesine nazar aýlap, beýik ösüş-özgertmelere buýsanjymyz goşalanýar.

Biraýlyga bagyşlanan duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde «Ýolumyz asuda — ilimiz abadan» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Gökdepe etrap Geňeşleri, beýleki jemgyýetçilik guramalary, Gökdepe etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilelikde gurady. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde alnyp barylýan çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler, okuwçy ýaşlara köçe-ýol hereketiniň kadalaryny, ýoldan geçmegiň düzgünlerini giňişleýin düşündirdiler.

Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri

Kaka etrabyndaky 10-njy çagalar bagynda “Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri” atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşige etrapdaky çagalar baglaryndan mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpelerinden düzülen toparlar gatnaşdy. Aýdym-saz sungatyna höwesli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly çagalary ýüze çykarmak, olaryň milli mirasymyza söýgüsini artdyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň naýbaşy toýuny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik örän täsirleri döretdi. Onuň şertlerine laýyklykda, körpeler gözel Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler. Etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşikde 5-nji çagalar bagynyň folklor topary ýeňiji boldy.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý edeliň!

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 17-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý edeliň!” ady bilen geçen duşuşykda ynsan ömrüne we saglygyna howp salyp biljek ýol-ulag hadysalarynyň döremezligi, ýol-ulag hadysalaryndan bolýan heläkçilikleriň öňüni almak, ýolda ýöräniňde seresap bolmak barada giňişleýin gürrüň edildi. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanan duşuşykda okuwçy ýaşlara ýol hereketiniň düzgün-kadalaryna eýermek boýunça gymmatly maslahatlar berildi. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryna rowaçlyklary arzuw etdiler.

Şanly senä bagyşlandy

Tejen etrabyndaky Dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylyşy, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

Geçen hepde döwlet we halkara derejeli möhüm wakalara baý boldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapýar. 10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergiler, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Maýa goýumlary — ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde ýurdumyz täze üstünliklere beslenýär. «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň maliýe-ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Milli ykdysadyýete dünýä bazarlarynyň standartlarynyň ornaşdyrylmagy, ýerli we daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini çekmek üçin amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi türkmen bazarynyň maýa goýum babatynda özüne çekijiligini artdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilip, onuň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen işler netijeli durmuşa geçirilýär. Ýakynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalardan habar berýär. 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, Tü

Beýik tutumlaryň döwri: oňyn hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berilýär, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, özara peýdaly daşary ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýär, şunda özara bähbitli, ykdysady-täjirçilik taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň däplerine we kanunlaryna hormat goýmak kesgitleýji şert bolup durýar. Bitarap döwlet hökmünde halkara derejämizden gelip çykýan anyk ýörelgelere esaslanyp, uzak möhletleýin daşary ykdysady strategiýamyz, oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara-hukuk kadalaryna ygrarlylyk Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady diňe bir ykdysady-täjirçilik bähbit bilen däl, eýsem, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen şertlendirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli şeýle taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyň, ata-babalarymyzyň gurmagyň, döretmegiň sogap işdigine ynanyp, nesillere geçiren döwletli ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygynyň aýdyň beýanydyr. Ine, 11-nji sentýabrda bir günde ýedi sany iri taslama bada

«Ak altyn» — gymmatly baýlyk

Welaýatymyzyň pagtaçylary ýygyma dabaraly ýagdaýda girişdiler Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pagta ýygymyna başlamaga beren ak patasyndan göwni galkynan welaýatymyzyň «ak altyn» ussatlary hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda 11-nji sentýabrda möwsüme zähmet baýramçylygy ruhunda guramaçylykly girişdiler.

Ussat pagtaçy

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Aýjemal Gylyçmyradowa ýygymda tapawutlanmagy başarýan ussatlaryň biri. Onuň 10 gektar meýdanda ak patrak bolup açylan gowaçaly atyzlaryny synlanyňda göwnüň göterilýär. Zähmetsöýer kärendeçiniň maşgala agzalary bilen ýetişdiren hasylyndan göwni hoş. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçaly atyzlarymyz hasylyny bolluk bilen eçildi. Nesip bolsa, her gektardan 40 sentner hasyla garaşýarys. Ýygymda el güýjünden peýdalanýarys. Bu işde maňa maşgala agzalarymyz, ýygymçylar ýakyndan kömek berýärler. Ene toprakdan bereketli hasyl almak üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler bizi diýseň guwandyrýar, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bereket mekanyna öwürmek üçin alyp barýan asylly, döwletli işlerine, taýsyz tagallalaryna alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, kärendeçi Aýjemal Gylyçmyradowa aýdýar.

Bugdaý ekişi — jogapkärli möwsüm

Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary güýzlük däne ekişini talabalaýyk derejede, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ekişini geçirmegi meýilleşdiren etrabyň ak ekin ussatlary häzirki jogapkärli günlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli ulanylmagyny gazanýarlar. Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiji traktorlaryň 66-synyň bökdençsiz işledilmegi netijesinde ekiş geçirilýän meýdanlaryň gerimi barha giňeýär. Däne ekişi «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklarynda, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde has göwnejaý alnyp barylýar.

Dünýä türkmenleriniň döwletli maslahaty

Her ýyl şanly Garaşsyzlyk baýramymyzyň toýlanýan günlerinde gaýry ýurtda ýaşasalar-da, ýürekleri şu topraga örklenen türkmen doganlarymyz eziz Diýarymyzda geçirilýän toý-baýramlara gatnaşmaga, toý şatlygymyzy paýlaşmaga gelýärler. Ine, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş baýramçylygy bolan döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan türkmen ildeşlerimiziň ençemesiniň gatnaşmagy ählimizi begendirdi. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan hem zähmet çekýän türkmen watandaşlarymyz bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has hem işjeňleşýär. Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan türkmeni guwandyrýar. Olar eziz Watanymyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmagy mukaddes borçlary hasaplaýarlar. Dünýä türkmenleri ata Watanymyzyň batly gadamlaryna buýsanmak bilen, milli gymmatlyklarymyzy, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlarymyzy Ýer ýüzüne ýaýbaňlandyrmaga öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Birleşigiň düzümine toparlaýyn agzalaryň hem-de şahsy agzalaryň, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan

Watan Garaşsyzlygy — mukaddes gymmatlyk

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri mukaddes gymmatlyk bolup, her bir türkmeniň milli buýsanjyna öwrülýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüş-özgertmeler, beýik tutumlar bilen öňe ilerleýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli ugurda gazanýan üstünligi bütin dünýä tarapyndan ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyzyň durandygy bellenýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini we asudalygyny goramak ýurdumyzda baş wezipe hasaplanýar. Beýik ösüşleriň okgunly bady, ähli künjekleri gurşap alan giň möçberli özgertmeler döwrüň aýdyň alamatyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.