"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar bilen wagyz-nesihat maslahaty

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçen maslahatyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini we edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Maslahatda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler, ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýeti, ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän mümkinçilikler, sanly ulgamyň ösüşi barada täsirli çykyşlar boldy. Çykyş edenler sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Maksat — dabaralary guramaçylykly geçirmek

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda 25-nji maýda geçiriljek mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly guramak maksady bilen, şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim bölümi tarapyndan etrabyň orta mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ak mekdepler bilen hoşlaşjak ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklarda ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, olaryň bilimli, hünärli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda söhbet açylýar, ýaşlara öňdäki dabaralara işjeň gatnaşyp, guramaçylykly geçirmek boýunça nesihatlar berilýär.

Pileçiler yhlaslylyk görkezýär

Gökdepe etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gündelik gelip gowuşýan kümüşsöw gymmatlygyň tonnalary hem şeýle diýmäge esas berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda etrabyň pileçileri 657 guty ýüpek gurçugyndan ýokary hilli çig piläniň 24 tonnasyny taýýarlamagy maksat edindiler. Bu asylly maksadyň ýerine düşjekdigine olaryň şu günki iş-aladalaryndan göz ýetirip bolýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna ýüpekçilerden gelip gowuşýan pile degişli talaplara laýyklykda kabul edilýär. Bu işde kärhananyň hünärmenleriniň tagallalary öwgä mynasypdyr.

Mekdep okuwçylarynyň şaşka ýaryşy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 14-15 ýaşly okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. Etrapday 40-nji orta mekdepde geçen ýaryşa bilim ojaklarynyň aglabasyndan okuwçy oglan-gyzlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Ak bugdaý etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşda ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Onda etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň topary ikinji, 10-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijiler “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna mynasyp boldy.

Kitap — durmuşyň aýnasy

Ahal welaýat kitaphanasynda okyjy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Kitap — durmuşyň aýnasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphananyň neşirleri saklamak bölümi tarapyndan guralan söhbetdeşlik Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy. Ýörite guralan baýramçylyk kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi. Welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Täzegül Myradalyýewa ýaşlara sergini bezeýän ajaýyp kitaplar barada gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamyna degişli gymmatly eserler hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Ekine yhlas siňdirilýär

Ak bugdaý etrabynyň “ak altyn” ussatlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 21 müň 900 gektarda gowaçanyň bol hasylyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu asylly maksat oba zähmetkeşlerini gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag ýaly şu günüň möhüm çärelerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmaga ruhlandyrýar. Häzirki günlerde ýer eýeleriniň, pagtaçy kärendeçileriň her biri gowaçanyň ideginde yhlasly zähmet çekýär. Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynda ekiniň ideg işleri has göwnejaý alnyp barylýar. Ideg işlerinde kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.

Şanly senä bagyşlanan ýaryş

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde etrapdaky orta mekdepleriň 14-15 ýaşly okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Sarahs etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşa dürli mekdeplerden okuwçy ýaşlar höwes bilen gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaralandyrmak, okuwçy ýaşlaryň sport ussatlygyny ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onuň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 19-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Şaşka ýaryşynyň ýeňijilerine “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Ýetginjekler başarnygyny görkezdiler

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde 2011—2012-­nji we 2013—2014-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda boks we grek-rim göreşi boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Ony etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de TDP-niň etrap komiteti bilelikde gurady. Çekeleşikli geçen ýaryşda boks boýunça 25 kilogram agramda Aýhan Amanseýidow, 27 kilogram agramda Batyr Hamedow, 29 kilogram agramda Bagtyýar Nurmuhammedow, 31 kilogram agramda Öwez Orazow, 33 kilogram agramda Akmyrat Meretgeldiýew, 35 kilogram agramda Emirguly Saparow, 37 kilogram agramda Süleýman Nurberdiýew, 39 kilogram agramda Gurbanmyrat Rejepow, 41 kilogram agramda Pälwan Annaýew, 43 kilogram agramda Selim Annageldiýew birinji orny eýelemegi başardylar.

Muzeý gymmatlyklara baýdyr

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ildeşlerimiziň arasynda täsirli çäreler guralýar. Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Nobatdaky syýahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşyp, olar sergi zallaryna aýlanan mahalynda gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklerden dürli ýyllarda tapylan gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleriniň şol gymmatlyklaryň taryhy hakdaky gürrüňlerini diňlemek olar üçin täsirli boldy.

Welaýatyň boks birinjiligi

Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda sportuň boks görnüşi boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda agram derejeleriniň 13-si boýunça geçirilen welaýatyň birinjiligine welaýatyň dürli ýerlerinden türgenler gatnaşdy. Uly gyzyklanma eýe bolan birinjilikde 48 kilogram agramda B.Beşimow, 51 kilogram agramda A.Garaýew, 54 kilogram agramda U.Amanmyradow, 57 kilogram agramda H.Allaberdiýew, 60 kilogram agramda E.Seýtiýew, 63,5 kilogram agramda E.Şanazarow, 67 kilogram agramda E.Parahadow, 71 kilogram agramda D.Kakajanow, 75 kilogram agramda B.Omarow, 80 kilogram agramda A.Bäşimow, 86 kilogram agramda G.Täçmyradow, 92 kilogram agramda Ş.Gylyjow, 92 kilogram agramdan ýokary agram derejesinde bolsa N.Mämmedow ýeňiji boldy.

Ýaş suratkeşleriň bäsleşigi

Kaka etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde etrapdaky orta mekdepleriň 8—11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Ýaş suratkeş — 2024” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzda ýaş nesliň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda edilýän tagallalardan ugur alnyp, ýaşajyk suratkeşleri ýüze çykarmak, höweslendirmek we uly derejeli bäsleşiklere taýýarlamak maksady bilen etrap bilim bölüminiň meýilnamasy esasynda geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan bäsleşiikde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň “Danalary bar türkmeniň”, “Gara dagdan iner sili türkmeniň”, “Biz bagtyýar çagalar”, “Dost-doganlyk mekany” atly suratlary ýeňiji boldy.

Ata Watanymyz üstünliklere beslenýär

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüş depginini we döredijilik kuwwatyny giňden açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýörite meýdança gondy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerden ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Täze sepgitleriň başlangyjy

Arzuw-maksatlaryň, mümkinçilikleriň hem-de ösüşleriň bir-biri bilen sazlaşyp, berkarar bolmagy halkyň, döwletiň geljek ýolunyň rowaçlyklaryny hasyl edýär. Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzyň esasy ugurlarynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan maksatlar berk binýatlara daýanmak bilen, ösüşleriň yzygiderli dowam etdirilmegini nazarlaýar. Halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, ýurdy innowasion ýol bilen ösdürmek wezipeleri bolsa, ösüş maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri bu pudagy gurluşyk materiallary bilen bökdençsiz üpjün etmegi şertlendirýär, dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmäge itergi berýär. Gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek, ýurdumyzda bäsleşige ukyply gurluşyk toplumyny emele getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda ony gurluşyk materiallaryny ösdürmek arkaly pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ine, munuň aýdyň mysalyny baharyň ajaýyp maý günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşy hem dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy bu waka üýtgeşik many, täze ýalkym berdi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň

Täze suw arassalaýjy desga halkymyzyň bagtyýarlygy hakdaky aladanyň dabaralanmasydyr

Halkymyz suwy dirilik çeşmesi hasaplap, oňa aýratyn uly sarpa goýýar, suwuň her damjasyny altyn dänesine deňeýär. Bu hakykat häzirki döwürde suwa bolan garaýyş, ony tygşytly ulanmak, iň esasy hem halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalarda has äşgär görünýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäginde ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary tehnologiýaly suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Ak bugdaý etrabynda Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyp, işe girizilmegi bolsa, bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Täze desga welaýatymyzyň çäginde soňky ýyllarda gurlan suw arassalaýjy desgalaryň üstüni ýetirdi. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda Kaka etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr suwa barabar bolan döwrebap tehnologiýaly suw arassalaýjy desga, Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde şonça kuwwatlykly merkezi suw paýlaýjy desga dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi. Mundan başga-da, welaýatymyzyň çäginde lagym suwuny arassalaýly desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi.

Ildeşlerimiziň alkyşy çäksizdir

Änew şäherinde şanly wakalar mynasybetli geçen hoşallyk maslahatyna Bäherden sement zawodynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň işçi-hünärmenleri hem gatnaşdylar. Şolaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Saparmyrat MERETDURDYÝEW, Bäherden sement zawodynyň seh müdiri:

Hoşallygyň beýany

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Alkyş Size, şöhrat Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyp işe girizilmegi, welaýatymyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň, şeýle-de Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi bilen baglanyşykly geçirilen hoşallyk maslahaty toý ruhuna beslendi. Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan hoşallyk maslahatynda buýsançly çykyşlar diňlendi. Welaýat häkimi Röwşen Hojagulyýew maslahaty açmak bilen, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy hem-de täze desgalary toý ruhunda işe girizmegi şu ýylyň şöhratly wakalarynyň üstüni ýetirendigini aýratyn belläp geçdi. Häkim welaýatymyza sowgat berlen täze, döwrebap ýolagçy awtobuslaryň ilatyň ýokary hilli ulag hyzmatlary bilen üpjünliginde möhüm ähmiýete eýedigi, bu jemgyýetçilik awtoulaglaryň ra

Guwandyran hemaýata alkyşlaryň çägi ýok

Bäherden etrap hassahanasynda bolup geçen şatlykly waka berkarar Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrundaky tagallalaryň giň möçberlidigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýarlygy, saglygy we rowaçlygy hemme zatdan ileri tutulýar. Şu jähetden, milli saglygy goraýyş ulgamyndaky ýokary hilli ösüşler we sepgitler ýylsaýyn ilerleýär. Şeýle tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysaly welaýatymyzyň we Bäherden etrabynyň ýaşaýjylaryny we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini tüýs ýürekden guwandyrdy. Şol gün etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi mynasybetli etrap hassahanasynyň degresi baýramçylyk şatlygy bilen gurşaldy. Oňa ady agzalan Gaznanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri we başga-da birnäçe myhmanlar gatnaşdy.

Buýsanjymyzy goşalandyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda we netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy lukmançylyk tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzdaky okgunly ösüşleriň nyşany bolan şeýle özgertmeler ähli etrap-şäherleri, şol sanda, iň çetki künjekleri-de öz içine alýar. Etrabymyzyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi şeýle guwandyryjy görkezijileriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda berlen bu sowgat welaýatymyzyň we etrabymyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerini begendirdi. Bu waka bagyşlanyp, hassahanamyzda geçirilen aýdym-sazly dabara türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş bolup ýaňlandy.

Sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn üns berlip, raýatlaryň saglygy hakda uly alada edilýär. Bu gün berkarar Watanymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleridir meýdançalarynyň hereket etmegi hem-de olarda ildeşlerimiz üçin giň amatlyklaryň üpjün edilmegi adam hakdaky aladanyň buýsançly subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Sport — sagdynlyk, sport — gözellik, sport bir söz bilen aýdanyňda ýaşaýyşdyr» diýip belleýär. Bu çuň manyly jümlede sportuň ähmiýeti, onuň adam durmuşyna ýetirýän oňyn täsiri öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar.