Döwrebap mümkinçilikleriň ähmiýeti
Häzirki döwürde ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ýangyç-energetika serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmakda, tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, uzakda ýerleşen sebitleri elýeterli arassa energiýa bilen üpjün etmekde we senagaty ösdürmekde döwrebap işler alnyp barylýar.