«Talyp joşguny — 2023» döredijilik bäsleşigi geçirildi

30 Maý 2023
1444

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Talyp joşguny —2023» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ösüşlerini wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik zehinlerini açmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde edebi-çeper kompozisiýalara, aýdym-sazly çykyşlara, degişme sahnalaryna tomaşa edildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby Söhbet Babaýew ýeňiji boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşige gatnaşyjylary şäher geňeşimiz tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Laçyn AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.