Toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzda häzirki wagtda Ylymlar gününi baýram etmäge taýýarlyk görülýär. Ministrler Kabinetiniň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde berlen hasabata görä, bu sene mynasybetli şu ýylyň 12-13-nji iýunynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty hem geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlaryň we professorlaryň gatnaşmagynda geçirjek halkara maslahatynyň çäklerinde häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary, sanly ykdysadyýeti, ekologiýany, saglygy goraýşy we derman senagatyny, logistikany, suw diplomatiýasyny, oba hojalygyny, nebitgaz pudagyny, nanotehnologiýalary, energetikany, ynsanperwer ylymlary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle maslahatlar tejribe alyşmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmyny giňden tanatmaga, onuň häzirki zaman jemgyýetimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe boldy. Munuň özi diňe döwrüň talaby bolman, eýsem, ata Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilen belent maksatlara tarap okgunly gadamlardyr. Bu il-ýurt bähbitli çäreler hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynda we çözgütlerinde açyk-aýdyň beýanyny tapýar.