Döwlet ylym bilen
Adamzadyň durmuşyna ýagty saçýan, ony eşretli hem-de lezzetli ýaşaýşa gönükdirýän ylymdyr. Heňňamlar aýlanyp, asyrlar täzelenýär. Bilimdir-ylma hormat goýýan halkyň ykbaly bolsa, barha nurlanýar. “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz, ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýen şygar astynda Watanymyz ylym-bilim ojagyna öwrüldi.