Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem belent ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda ylmyň gazananlaryny halk hojalygynyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ösdürmek bilen alnyp barylýan işler alymlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Ylmyň uly depginler bilen ösýän ajaýyp döwrümizde ylymdan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Bu babatda ylmy giňişlikde her bir ylmy işgäriň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Bularyň hemmesi ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ylym-bilimi öwrenmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän nakyllarynda «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» ýaly paýhasly sözler bar. Bu paýhasly sözlerden görnüşi ýaly, ylym-bilim wagyz edilýär. Ruhy gymmatlyklarymyzyň goruny düzýän pähimler ylmyň gymmatyny äşgär edýär.