Asmany ylymlaryň ägirdi

8 Iýun 2023
1160

2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, mekdep okuwçylarynyň öňünde watançylyk sapagyny geçdi. Bu sapak Watanymyzyň gadymy döwürlerden gözbaşyny alyp gaýdýan taryhyna, diline, edebiýatyna düşünmekde geljek nesillere bahasyna ýetip bolmajak öwüt-ündew boldy. Ol zamanamyzyň türkmen alymlary üçin hem geçmişden şu güne uzap gidýän ýol-ýörelgedir. Alym Arkadagymyzyň öz çykyşynda: «Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertleri döretdik. Bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär» diýip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň geljegine uly ynam bildirmegi türkmen alymlarynyň öňünde täze-täze wezipeleri goýdy. Bu ynamy ödemek, goýlan wezipeleriň hötdesinden gelmek türkmen alymlary üçin mukaddes borçdur.

Gürgenjiň, Merwiň, Sarahsyň, Dehistanyň, Abiwerdiň we Amulyň ylym ojaklary meşhur alymlary dünýä berdi. Olarda Merwezi, Horezmi, Sarahsy, Amuly we Abiwerdi ýaly ýüzlerçe alymlar kemala gelip, yslam ylmyny we medeniýetini nurlandyrdy. Gürgenjiň ylym ojagynda okap, taryhda we ylymda öçmejek yz galdyran alymlaryň biri hem Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunydyr.

Kakajan JANBEKOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty.