Parafin, Gidrat, gaz gyzdyryjy peçler

29 Maý 2023
1253

Milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda guýularyň önüm berijiligini gowulandyrmak üçin bar bolan serişdelerden peýdalanmak, täze tehnikalara, innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman önümçilik toplumlaryna degişli giň gerimli işleri alyp barmak derwaýys meseleleriň biridir. Nebitdir gazy zemin çuňlugyndan tä ýeriň ýüzüne çenli akdyrmak ylmyň, täze tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Has takygy, uglewodorod çig malyny talap edilýän ýere çenli bökdençsiz akdyrmak nebit bilen iş salyşýanlaryň paýyna düşýär. Onuň hem sebäbi, guýynyň çuňlugyndan nebitiň ýeriň üstüne çenli akymynda we oňa ýardam berýän ýerüsti enjamlaryň dürli çylşyrymlaşmalara gabat gelýän ýagdaýlaryň bolýanlygy mälimdir.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitli känlerinde «gara altyn» çykarmagyň islendik usulynda onuň bilen bagly bolan enjamlaryň parafinleşmegi guýulardan nebitiň alnyşyny we gerekli ýerlere akdyrylyşyny bökdemek bilen bir hatarda, önümiň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýar hem-de onuň garşysyna göreş çärelerini geçirmek üçin köp harajatlary we zähmeti talap edýär. Hut şoňa görä-de, parafin-smola maddalarynyň döremeginiň garşysyna yzygiderli göreşmek nebitçileriň üns merkezinden düşenok. Aslyýetinde, guýular göteriji turbalaryň we nebit ýygnaýjy uly çeleklere (rezerwuarlara) çenli akdyryjy turbalaryň iç ýüzünde, büdür-südürligiň bar ýerlerinde, temperaturanyň peselýän we gazyň giňelýän ýerlerinde parafiniň emele gelmegine sebäp bolýar. Şeýle hem parafin çökündisiniň özboluşlylygy nebitiň fiziki-himiki häsiýetlerini kesgitlemekde, temperatura, basyşa, gaz faktoryna, önümiň suwlanmagyna baglylykda, parafiniň emele gelmek aýratynlyklarynyň düýpli seljerilmegine, has takygy, parafine garşy göreşmekde netijeleme usullaryň saýlanyp alynmagy üçin barlag-synag işleriniň geçirilip durulmagyna bil baglanylýar.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.