Ylym — ösüşleriň gönezligi. Türkmen ýaşlary ylym-bilim bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy dünýä derejesinde ösýär. Geçen ýylyň 5-nji dekabrynda maňa-da institutymyzyň guramagynda fizika dersinden geçirilen II açyk halkara internet bäsleşigine gatnaşyp, ikinji orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bäsleşige dünýäniň 12 döwletinden talyplaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.
Häzirki wagtda «Elektroosmos usuly arkaly suwy arassalamagyň usullary» diýen mowzukda ylmy işiň üstünde işleýärin. Bu enjam himiki täsirleşmeleri öz içine alýar. Halypa mugallymlarym Ýazmyrat Hommadowyň, Göwher Şükürowanyň maslahatlary bilen dürli tejribeler arkaly arassalanylan suw seljerildi we onuň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelýändigi anyklanyldy. Suwuň düzümindäki kremniý oksidiniň mukdary azaldylyp, onuň talhlygy peseldi. Elektrodializ usuly bilen suwy arassalaýan enjam ekologiýa taýdan amatly, ykjam görnüşe eýe bolan gurluşdyr. Bu enjam ýurdumyzda öndürilýän ýerli çig mallardan taýýarlanyldy. Zeý we talh suwlary arassalaýan enjamyň ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işine biz hem mynasyp goşant goşarys.