"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymgulynyň eserleri — eýýamlara şamçyrag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz batly gadamlar bilen öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, täze taryhy eýýamymyzda milli mirasymyzy düýpli öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak işleri barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussatlary bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna hem ýokary baha berilýär. Onuň eserleri düýpli öwrenilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Magtymguly Pyragynyň arzuwlan eýýamydyr. Täze taryhy zamanamyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna çuň düşünmäge, ony has-da içgin öwrenmäge şert döredýär. Beýik şahyryň dana setirleri asyrlaryň dowamynda öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Şahyryň şygyrlarynda milli ahlak-terbiýeçilik mekdebi köp asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen ýörelgeler bilen utgaşýar. Şeýle-de, şygyrlarda türkmeniň milli däp-dessurlary, salamlaşmak, hal-ahwal soraşmak, ata-eneňi gözüň göreji ýaly arzylamak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, agzybirlik, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleri çuňňur pähim-parasata ýugrulyp kämilleşdirilipdir. Kämil nesli kemala getirmekde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Akyldar şahyry sarpalap

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhubelentlige, joşgunly dabaralara beslendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge we bu toplumyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berendigini aýratyn bellemek gerek. Hepdeligiň jemleýji gününiň baýramçylyk dabarasy Aşgabat şäheriniň taryhy künjeginde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda badalga aldy. Bu ýerde Gündogaryň akyldarynyň şahyrana döredijiligine hormatyň nyşany hökmünde onuň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Özboluşly suw çüwdürimi bilen utgaşykly bina edilen Magtymgulynyň ýadygärligi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgi hem-de buýsanç bilen gelýän ýerleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýän künjekleriniň biridir. Dabara gatnaşmak üçin bu ýerde ýazyjy-şahyrlar, akyldar şahyryň köpsanly muşdaklary ýygnandylar. Ýadygärlige goýlan al-elwan güllerden emele gelen ajaýyp görnüş halkymyzyň beýik akyldara we onuň döredijiligine goýýan ägirt uly hormatynyň nyşany boldy.

Bagtyýarlygyň belent waspy

27-nji iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Medeni forumyň jemleýji çäreleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat işgärlerine hem-de ähli türkmen halkyna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konserti türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýän «Gahryman Siz, Arkadag!» atly joşgunly aýdym bilen başlandy. Köpsanly tomaşaçylar ajaýyp aýdym-sazly çykyşlara, folklor sahnalaryna el çarpdylar. Çykyşlarda mähriban halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Konsertiň ahyrynda aýdymçylar we oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan «Bagtly biz Siz bilen, Arkadagly Serdarym!» atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, giň gerimli özgertmeleriň, milli medeniýetiň ösüşiniň senasy bolup ýaňlandy. Monitorlarda häzirki döwrüň belent döredijilik sepgitlerini, türkmen sungatynyň wekilleriniň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän şekiller görkezildi.

Agzybirlik ýörelgeleri

Şu günler eziz Watanymyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gurban baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar. Düýn ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabatda hem Gurban baýramynyň ilkinji güni uly ruhubelentlige beslendi. Paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde ýörite guralan meýdançalarda, şeýle hem Döwlet sirkiniň öňünde baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi. Bu ýerde özboluşly toý joşguny emele geldi. Meşhur estrada aýdymçylarynyň, halk döredijilik, tans toparlarynyň belentden ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlary, milli toý lybaslaryny geýnen ýaş oglan-gyzlary töwereginde jemlän hiňňildikler dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ynsanperwerligiň baýramy

Eziz Diýarymyzda Gurban baýramy ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza laýyklykda döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ruhy päkligi dabaralandyrýan bu baýramçylygyň şanyna paýtagtymyzda we welaýatlaryň ähli künjeklerinde halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan watansöýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dostlugyň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan baý mazmunly, aýdym-sazly, şowhunly dabaralar geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda toý-baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ahlak we ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň ýaş nesillerimizde ajaýyp gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge, dost-doganlygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şu ýylyň 16-njy iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Öňümizde Gurban baýramy hem ýetip gelýär. Şol günler üç günläp dynç alarys hem-de şäheriň toý-dabaralaryna gatnaşarys. ...Bu mukaddes baýram gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýär. Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!» diýip, ýygnananlary we mähriban halkymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda Gurban baýramy şu ýyl hem üç günüň dowamynda bellenilýär.

Watanymyzda Gurban baýramy!

Düýn eziz Diýarymyzda milli baýramlarymyzyň biri bolan Gurban baýramyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasy bilen üç günläp bellenilýän baýramyň bu gün ikinji güni dowam edýär. Taryhymyz bilen kökdeş baýrama halkymyz uly ähmiýet berýär. Muny asyrlaryň dowamynda Gurban baýramy bilen bagly emele gelen däplerdir dessurlar hem subut edýär. Şu gezekki baýramçylyk dabaralary hem şol däp-dessurlara juda baý.

Milli däplere eýerip

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyz täzeçe röwüşde, manyda has-da baýlaşdyrylýar. Mähriban halkymyz Gurban baýramynda guşgursak ak bugdaýyň unundan bişirilen gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç, mesge petir ýaly dürli çörek we çörek önümlerini hem-de palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlary taýýarlap, datly desterhany giňden ýazyp, sadakalar berip, märekä hödür-kerem edýär. Aýat-töwürler okalyp, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleriniň rowaç bolmagy, mähriban halkymyzyň abadançylygy dileg edilýär. Häzirki wagtda nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap röwüşde durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edilýär. Şunda ýaş nesli milli däp-dessurlaryň esasynda terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri hem onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Ata-babalarymyzdan miras galan asylly dä

Kämilligiň keşbi kalba ýazylýar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň medeni taglymatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli medeniýetimiz we sungatymyz pajarlap ösýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň paýtagtymyzda uly dabaralara beslenip geçirilmegi bu ulgamyň işgärlerine goýulýan belent hormat-sarpany ýene-de bir ýola äşgär etdi. Welaýatymyzdan hepdelige gatnaşan medeniýet-sungat we döredijilik işgärleriniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik. Ogulgerek AGAJANOWA,welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri:

Döredijiligiň rowaçlanýan merkezi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, etrap merkezlerinde, obalarynda medeni maksatly binalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezi hem döwrebap medeni binalaryň biridir. Gubadag şäheriniň görküne-görk goşýan, milli binagärligiň däpleri bilen bezelen, daş-töweregi bezäp oturan bu medeni merkez 2013-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde tans, folklor, aýdym-saz we teatr gurnaklary hereket edip, çeper höwesjeňleriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmek, aýdym aýtmak, saz çalmak, dürli keşpleri janlandyrmak ýaly endiklerini has-da kämilleşdirmäge uly ýardam edýär. Merkezde Şatlyk Gutlyýewiň ýolbaşçylyk edýän tans gurnagynyň agzalarynyň gatnaşmagynda her baýramçylyk mynasybetli türkmen halk we häzirki zaman aýdym-sazlaryna tanslar goýulýar. Ýaşlaryň aýratyn höwes bildirýän aýdym-saz gurnagy höwesjeň aýdymçylaryň ýüze çykmagyna uly itergi berýär. Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» we «Ýaňlan, Diýarym!» atly bäsleşiklerde gurnagyň agzalarynyň birnäçesi üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Kompozitor Kakageldi Gazakowyň, şeýle-de Allanazar Muhadowyň ýolbaşçylyk edýän bu gurnagynda zehinli kompozitoryň döreden sazlaryna «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Türkmeniň ak öýleri», «

Medeniýetiň, sungatyň gymmaty, beýik akyldaryň sarpasy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhuny ýetik boldy. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler barada söz açyp, türkmeniň dünýä meşhur söz ussady Magtymguly Pyragynyň çuň many-mazmunly, watansöýüjilige ýugrulan şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň akyldar şahyrymyzyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlap taýýarlan edebi-sazly çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Bu çykyşlarda halkymyzyň çäksiz söýgüsine mynasyp bolan, ähli döwürleriň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýaşaýyş-durmuş, päk söýgi babatdaky oý-pikirleri çeper keşpleriň üsti bilen ýerine ýetirildi. Aýdym-saz, tans hem-de folklor toparlarynyň çykyşlaryna hem giň gerim berildi.

Ajaýyp döwrüň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen bellenip geçildi. Her bir güni bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýalkymy bilen garşylaýan türkmen halky ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini bütin dünýä ýüzüne ýaýýar. Ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent tutulýar. Muňa bu baýramçylyk mynasybetli geçirilen çäreler hem aýdyň şaýatlyk etdi. Garagöl oba medeniýet öýi we medeni merkezi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly çärämizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri, söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Halkymyzy ajaýyp döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, beýik işleriniň mydama rowaç almagy tüýs ýürekden arzuw edildi. Çärä gatnaşanlar «Magtymguly we ruhy medeniýet» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler.

Sungata höwesli çagalar

Bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynyň ýokary depginde ösmegi, yzygiderli kämilleşmegi, hil taýdan täze derejä çykmagy ugrunda giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, şöhratly taryhymyza buýsanýan, däp-dessurlarymyza hormat goýýan, milli gymmatlyklarymyzyň gadyryny bilýän, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän aladalaryň netijesinde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda, şol sanda çagalar sungat mekdeplerinde hem iň oňat şert-mümkinçilikler döredilendir. Döwrebap amatlyklary bolan çagalar sungat mekdebimizde mugallymlar sungata höwesli çagalara bilim berýärler, ýaş höwesjeňleri ýüze çykarmakda, medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösýän zamanasynda halypa-şägirtlik ýolunyň barha kämilleşmeginde yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Milli hem-de nusgawy sungat eserleriniň özboluşly aýratynlyklaryndan sapaklar geçilýär. Bu bolsa okuw sapaklarynyň döwrüň talaby bilen aýakdaş gitmegine, milli sungatymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim we hünär derejesiniň kämil bolmagyna ýardam edýär. Mekdebimiziň okuwçylary ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary halka tanatmak maksady bilen geçirilýän dürli döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler, özleriniň zehinlerini a

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilip geçildi

Kalplara ýaň saldy aýdym-sazyň owazy Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu baýramçylygyň şanyna täsirli çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ähli ýerde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ajaýyp baýramçylygyň şanyna dürli öwüşginli dabaralar guraldy.

Sungat äleminde

Aýdym-saza bagyşlanan ömür Durmuşda her adam bir ugry saýlap, ykbalyny şoňa baglap, zähmet ýoluny dowam etdirýär. «Hünäri zähmet taplaýar» diýlişi ýaly, saýlan käriňe bolan höwesiň, yhlasyň seni belentliklere sary alyp barýar. Ykbalyňy sungat älemine baglan bolsaň-a onda ynsanlaryň içki dünýäsine aralaşmagy başarmaly. Çünki, seniň zähmetiňe il-gün baha berýär.

Türkmen sungatynyň şan-şöhratyny artdyryp

Medeniýet hepdeligi — 2023: ýapylyş dabarasy 27-nji iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy.

Dabarasy dünýä dolan hepdelik

27-nji iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Hepdeligiň jemleýji gününiň baýramçylyk dabarasy Aşgabat şäheriniň taryhy künjeginde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda badalga aldy. Bu ýerde Gündogaryň akyldarynyň şahyrana döredijiligine hormatyň nyşany hökmünde onuň ýadygärligine gül goýmak çäresi geçirildi. Özboluşly suw çüwdürimi bilen utgaşykly bina edilen Magtymgulynyň ýadygärligi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgi hem-de buýsanç bilen gelýän ýerleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýän künjekleriniň biridir. Şu gezekki guralýan çärä gatnaşmak üçin hem ýazyjy-şahyrlar, akyldar şahyryň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Medeniýet hepdeligi — 2023: ýapylyş dabarasy

27-nji iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Hepdeligiň jemleýji gününiň baýramçylyk dabarasy Aşgabat şäheriniň taryhy künjeginde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda badalga aldy. Bu ýerde Gündogaryň akyldarynyň şahyrana döredijiligine hormatyň nyşany hökmünde onuň ýadygärligine gül goýmak çäresi geçirildi. Şu gezekki guralýan çärä gatnaşmak üçin hem ýazyjy-şahyrlar, akyldar şahyryň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Türkmen sungatynyň şan-şöhratyny artdyryp

Medeniýet hepdeligi — 2023: ýapylyş dabarasy Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen medeni forumyň milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge we bu toplumyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berendigini bellemeli. Forum halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň subutnamasy bolup, özüniň ajaýyp wakalary bilen türkmenistanlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň hakydasynda galar.

Türkmen sungatynyň şan-şöhratyny artdyryp

Medeniýet hepdeligi — 2023: ýapylyş dabarasy Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen medeni forumyň milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge we bu toplumyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berendigini bellemeli. Forum halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň subutnamasy bolup, özüniň ajaýyp wakalary bilen türkmenistanlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň hakydasynda galar.

Agzybirligiň we sahawatyň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlarymyz bilen birlikde mukaddes Gurban baýramy hem ajaýyp däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda, döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, üç günüň dowamynda giňden bellenilýän bu baýram milli däplerimize laýyklykda, uly dabara bilen geçirilip, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär. Millilik, milletiň mertebesi, milli gymmatlyklar diýen düşünjäniň özeninde müňýyllyklaryň jümmüşinden öz gazananlaryny, taryhyny, jemgyýet hökmünde nesillerden nesillere geçirip gelen ýörelgelerini, däp-dessurlaryny aýap-apalap saklap we baýlaşdyryp gelýän halkyň dünýägaraýşy, halk hakydasy durandyr. Halkymyzda Gurban baýramy myhmansöýerligiň, hödür-keremiň, bir-birege hormat goýmagyň owadan dessurlary bilen sazlaşyp, nesilden-nesle geçip gelýär. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Gurban baýramy döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, dostlugy, ynsanperwerligi dabaralandyrýar.