Milli däplere eýerip

28 Iýun 2023
328

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyz täzeçe röwüşde, manyda has-da baýlaşdyrylýar. Mähriban halkymyz Gurban baýramynda guşgursak ak bugdaýyň unundan bişirilen gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç, mesge petir ýaly dürli çörek we çörek önümlerini hem-de palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlary taýýarlap, datly desterhany giňden ýazyp, sadakalar berip, märekä hödür-kerem edýär. Aýat-töwürler okalyp, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleriniň rowaç bolmagy, mähriban halkymyzyň abadançylygy dileg edilýär. Häzirki wagtda nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap röwüşde durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edilýär. Şunda ýaş nesli milli däp-dessurlaryň esasynda terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri hem onuň edebidir.

Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyz, gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgelerde sagdyn jemgyýetiň, kämil döwletiň, abadan ojagyň bitewüligi jemlenýär.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar