Ajaýyp döwrüň waspy

28 Iýun 2023
328

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen bellenip geçildi. Her bir güni bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýalkymy bilen garşylaýan türkmen halky ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini bütin dünýä ýüzüne ýaýýar. Ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent tutulýar. Muňa bu baýramçylyk mynasybetli geçirilen çäreler hem aýdyň şaýatlyk etdi. Garagöl oba medeniýet öýi we medeni merkezi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly çärämizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri, söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Halkymyzy ajaýyp döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, beýik işleriniň mydama rowaç almagy tüýs ýürekden arzuw edildi.

Çärä gatnaşanlar «Magtymguly we ruhy medeniýet» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler.

Täzegül ABDULAZIMOWA,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçe merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar