Agzybirlik ýörelgeleri

28 Iýun 2023
343

Şu günler eziz Watanymyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gurban baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar.

Düýn ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabatda hem Gurban baýramynyň ilkinji güni uly ruhubelentlige beslendi. Paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde ýörite guralan meýdançalarda, şeýle hem Döwlet sirkiniň öňünde baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi. Bu ýerde özboluşly toý joşguny emele geldi. Meşhur estrada aýdymçylarynyň, halk döredijilik, tans toparlarynyň belentden ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlary, milli toý lybaslaryny geýnen ýaş oglan-gyzlary töwereginde jemlän hiňňildikler dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar