Watanymyzda Gurban baýramy!

28 Iýun 2023
475

Düýn eziz Diýarymyzda milli baýramlarymyzyň biri bolan Gurban baýramyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasy bilen üç günläp bellenilýän baýramyň bu gün ikinji güni dowam edýär.

Taryhymyz bilen kökdeş baýrama halkymyz uly ähmiýet berýär. Muny asyrlaryň dowamynda Gurban baýramy bilen bagly emele gelen däplerdir dessurlar hem subut edýär. Şu gezekki baýramçylyk dabaralary hem şol däp-dessurlara juda baý.

Türkmen gündogary.
Beýleki habarlar