Bagtyýarlygyň belent waspy

28 Iýun 2023
280

27-nji iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Medeni forumyň jemleýji çäreleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat işgärlerine hem-de ähli türkmen halkyna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konserti türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýän «Gahryman Siz, Arkadag!» atly joşgunly aýdym bilen başlandy. Köpsanly tomaşaçylar ajaýyp aýdym-sazly çykyşlara, folklor sahnalaryna el çarpdylar. Çykyşlarda mähriban halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.

Konsertiň ahyrynda aýdymçylar we oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan «Bagtly biz Siz bilen, Arkadagly Serdarym!» atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, giň gerimli özgertmeleriň, milli medeniýetiň ösüşiniň senasy bolup ýaňlandy. Monitorlarda häzirki döwrüň belent döredijilik sepgitlerini, türkmen sungatynyň wekilleriniň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän şekiller görkezildi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar