Akyldar şahyry sarpalap

28 Iýun 2023
403

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhubelentlige, joşgunly dabaralara beslendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge we bu toplumyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berendigini aýratyn bellemek gerek.

Hepdeligiň jemleýji gününiň baýramçylyk dabarasy Aşgabat şäheriniň taryhy künjeginde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda badalga aldy. Bu ýerde Gündogaryň akyldarynyň şahyrana döredijiligine hormatyň nyşany hökmünde onuň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Özboluşly suw çüwdürimi bilen utgaşykly bina edilen Magtymgulynyň ýadygärligi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgi hem-de buýsanç bilen gelýän ýerleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýän künjekleriniň biridir. Dabara gatnaşmak üçin bu ýerde ýazyjy-şahyrlar, akyldar şahyryň köpsanly muşdaklary ýygnandylar. Ýadygärlige goýlan al-elwan güllerden emele gelen ajaýyp görnüş halkymyzyň beýik akyldara we onuň döredijiligine goýýan ägirt uly hormatynyň nyşany boldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar