Agzybirligiň we sahawatyň baýramy

27 Iýun 2023
392

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlarymyz bilen birlikde mukaddes Gurban baýramy hem ajaýyp däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda, döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, üç günüň dowamynda giňden bellenilýän bu baýram milli däplerimize laýyklykda, uly dabara bilen geçirilip, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär. Millilik, milletiň mertebesi, milli gymmatlyklar diýen düşünjäniň özeninde müňýyllyklaryň jümmüşinden öz gazananlaryny, taryhyny, jemgyýet hökmünde nesillerden nesillere geçirip gelen ýörelgelerini, däp-dessurlaryny aýap-apalap saklap we baýlaşdyryp gelýän halkyň dünýägaraýşy, halk hakydasy durandyr.

Halkymyzda Gurban baýramy myhmansöýerligiň, hödür-keremiň, bir-birege hormat goýmagyň owadan dessurlary bilen sazlaşyp, nesilden-nesle geçip gelýär. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Gurban baýramy döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, dostlugy, ynsanperwerligi dabaralandyrýar.

Oguljemal Nurmyradowa,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar