"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we sungata höwesini güýçlendirmek, olara aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek maksady bilen, degişli edaralaryň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak, olaryň okuw meýilnamalaryna täzeden seredip, döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döwrebap we many-mazmunly filmleriň köpräk surata düşürilmegi, halkara kinofestiwallara gatnaşmak üçin zerur işleri geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri ýola goýmak hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Paýhas ojagynyň kitap gory artýar

Adam kitap okamak bilen medeniýetliligi öwrenýär, öz dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldýär. Ynsanyň kämilleşmeginde kitabyň ornunyň örän uludygy ykrar edilen hakykatdyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, kitap geljegiňi nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr. Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda kitap we kitaphana işine aýratyn ähmiýet berilýär. Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň kitap gorunyň üsti hem yzygiderli ýetirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri «Galkynyş» kitap merkezinden bu paýhas ojagyna täze kitaplaryň iki tapgyry gelip gowuşdy. Täze gelen 90-a golaý kitabyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik eseriniň 14-nji jildi hem-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitaplar hem bar. Häzirki wagtda kitaphanaçylar okyjylar köpçüligini täze kitaplar bilen tanyşdyrmak boýunça iş alyp barýarlar. Olar munuň üçin ýerlerde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, çagalar baglarynda bolup, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler, kitap sergilerini guraýarlar. Çünki ýaş nesilleriň ylym-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine möhüm orun degişlidir.

Köňülleriň şahyry

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirilýär. Häzirki döwürde akyldar şahyrymyzyň öçmez-ýitmez eserleri dünýä dillerine terjime edilip, alymlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň beýleki halklaryň arasynda uly hormata mynasypdygyna şol ýazgylaryň diňe käbirine ser salanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Garagalpak nusgawy şahyry Ajynyýazyň «Magtymgulynyň hemme zat hakynda aýdyp gidendigi üçin, men özümden täze zat döredibem bilemok» diýip aýdandygy garagalpak edebiýatyny öwreniş ylmynda ýatlanylýar. Bu mysallar Magtymgulynyň döredijiligine bolan hormaty beýgeltmäge däl-de, onuň türkmen halkynyň ruhy dünýäsine, özünden soňky şahyrlara, goňşy halklaryň şahyrlarynyň edebi döredijiligine, öz ýaşap geçen döwrüne we ondan soňky döwürlere, nesillere täsiriniň näderejede beýikdigini aňlamaga ýardam berýär. Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow türkmen edebiýatynyň akyldarynyň öňünde baş egip, Gündogar halklarynyň medeniýetleriniň özara arabaglanyşygy we olaryň birek-birege täsirleri barada öz pikirini beýan etmek bilen, munda XVIII asyryň şahyry Magtymguly Pyragynyň ornunyň wajypdygyny belläp geçýär. Şahyryň goşgularyny terjime eden awtor A.Tarkowskiý: «Magtymgulynyň goşgularynyň şahyranalygy edil olaryň mazmunynyň çuňňurlygy ýaly onuň welilik güýjüne

Ene çürçüri

Sazyň adama täsir edişi hakynda kän ýazyldy. Biziň bu gürrüňimiz şirin sazyň guşa, onda-da ene çürçürä täsir edişi barada. Şeýle hem goýun yzynda gezen sada çopanyň ezber sazanda bolşy barada. Irkiräk döwürler gum obalarynyň birinde bir çopanyň goşunda arkasy dutarly ötegçi düşleýär. Saza teşne sada çopan oglan muňa begenýär. Ötegçi sazanda muny duýan ýaly, dessine dutaryny gabyndan çykaryp, saz çalyp başlaýar. Gum obasynyň ümsüm gijesinde saz ýaňlanyp ugraýar. Symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän şol gijede myhman sazanda şo-ol çalyp otyrmyşyn. Çopanam käte keçäniň ýüzüni tüýtmeläp, käte-de çokaýynyň oltaňyny dyrmalap diňläp otyrmyş. Sazanda bolsa kä «Nowaýydan», käte-de «Söýli halandan» tutduryp çopanyň ýüreginden turýarmyş.

1-nji awgustdan «Älem TV» teleýaýlym bukjalarynyň bahasy arzanladylar

«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň «Älem TV» emeli hemra telewideniýe operatory 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, ýetirilýän teleýaýlymlaryň bukjalarynyň bahasynyň arzanladylýandygyny habar berýär. Bu üýtgetmeleriň girizilmegi bilen «40+» (40 teleýaýlym) bukjasynyň bahasy bir aýyna 10 manat, «240+» (240 teleýaýlymdan gowrak) bukjasynyň bahasy bolsa 25 manat bolar.

Bakylyk barada pyşyrdaýan suratlar (Biziň neslimiz)

Myratmergen KULYÝEW,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy:

Her perdede bir dünýä (Ýaş žurnalistiň sözi)

Dutar — üýtgeşik bir senet, jadyly senet. Aslynda, türkmen öýüni bezeýän, türkmen öýüni gelşigine getirýän zatlaryň biri dutar. Haýsy öýüň dulunda dutar bar bolsa, şol maşgala salykatly, medeniýetli, düşünjeli görülýär. Haýsy öýüň töründe dutar bar bolsa, şol hojalyk döwletli, bereketli, rysgally hasap edilýär. Sebäbi bu gönüden-göni sungat bilen baglanyşykly. Ähli gowulyklar bolsa sungata sarpanyň bar ýerinde jem bolýar. Dutar dünýä düşünmegiň dilidir diýip bolar. Taryhyň dowamynda ata-babalarymyzyň ýow gününde-de, toý gününde-de ýanyndan goýmadyk gazma dutary juda täsin senet. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan.

Sungat sazlaşygy

Öňňin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi açyldy. Halypalaryň döredijilik eserlerine bagyşlanan, sungaty söýüjileri bir ýere jemlän bu sergi bir hepde dowam eder.

Mirasymyza bagyşlanan sergi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Deri senetçiligi — halkyň milli mirasy» atly sergi guraldy. Sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan, deriden taýýarlanylan, halkymyzyň gündelik durmuşda ulanan meşik, sanaç, ýanlyk, dowardyr düýeleri sagmak üçin deriden edilýän könek, uzak ýola gidilende jäç gaplar salynýan serkeçler, milli saz gurallary, içmekler, possunlar, telpekler we aýakgaplar, ussat suratkeşlerimiziň deriniň ýüzüne çeken sungat eserleri görkezildi. Onda deri önümleriniň gadymy nusgalarynyň häzirki zaman deri önümleri bilen sazlaşykly ýerleşdirilmegi bu senetçiligiň kämilleşdirilip, sungat derejesine ýetirilendigini äşgär edýär.

Halypanyň sapaklary

Biziň gürrüňimiz Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda ençeme ýyllap drama we kino aktýory, režissura hünärlerinden talyplara tälim beren halypa mugallym Ata Alowow hakynda. Ata aga biziň ählimize halypady. Ol fakultetiň döredijilik toparyna ýolbaşçylyk edýärdi. Durmuş we sungat ýolundaky baý tejribesini biz bilen paýlaşmaga ilgezikdi. Şol sebäpli ondan çekinmän, islän wagtymyz söhbetdeş bolup, berýän gyzykly gürrüňlerini diňlärdik.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Suratda: Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, bagşy Töre Nobatow şägirtleriniň arasynda (1990-njy ýyl).

Sazandalar bäsleşdiler

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň etrap, şäher medeniýet merkezleriniň, oba medeniýet öýleriniň sazandalarynyň arasynda «Waspnama ýugrulýar şirin owazlar» atly hünär ussatlygy boýunça bäsleşik geçirildi. Welaýat Medeniýet müdirliginiň TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikde halkymyzyň gadymy aýdym-saz sungatyna höwesli sazandalar öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, Akdepe etrap medeniýet merkeziniň sazandasy Bäşim Gaýypow birinji, Boldumsaz etrabynyň Bitarap Türkmenistan geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň sazandasy Allaberdi Satlykow ikinji, Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň sazandasy Gurban Taganow üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Arkadag şäheri — Arkadagymyzyň beýik eseri

Jemal SAPAROWA, Türkmenistanyň halk artisti: — Şeýle owadan, Arkadag şäheri ýaly nurana şäher ertekide bolupdyr diýibem aýdyp biljek däl. Bu şäher — Gahryman Arkadagymyzyň söýgüsinden, yhlasyndan bina bolan şäher. Öz halkyňa şeýle belent söýgiň bolmasa, beýle şäheri gurup bolmaýar.

Medeniýet — milletiň mizemezligi

Ynsanlaryň arasyndaky ýyly gatnaşyklar olaryň näderejede birek-birege hormat goýýandyklaryny, sarpalaýandyklaryny görkezýär. Goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp göreliň! Bu gatnaşyk iki maşgalanyň arasyndaky dostanalygyň mizemezliginiň güwäsidir. Gurban baýramynda, Orazada, Nowruzda, Hasyl toýunda... elgaraz, bu baýramçylyklaryň bellenilýän günleri gelerem welin, iki goňşynyň arasyndaky hereketler ýygjamlaşýandyr görseň. O zatlar asyrlarboýy halkymyzyň ruhy aňyna siňen närseler. Indi şulara bilelikde näme diýilýär?! Elbetde — medeniýet! Ol milletiň ruhy sütüni, mizemezliginiň kepili. Ynsan ömrüniň dowamynda arkama-arka geçýän miras — bu medeniýetdir! Hut şonuň üçin ol sarpalanýar, goralýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini buýsandyran Karara gol çekdi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzda dabaraly geçirilen Medeniýet hepdeliginiň tamamlanan uçurlary, bu Kararyň diňe bir bu ulgamyň işgärlerini däl, eýsem, bütin türkmen halkynyň başyny gök diretdi. Hawa, resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Dogrusy, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeler başyňy göge diredýär, begenjiňi has-da artdyrýar. Bu hoş habar ýyldyrym çaltlygynda ýurdumyza ýaýrandan soňra, forumyň geç

Medeniýetim — sungatym

KÜŞT, KÜŞT, KÜŞTDEPDI Türkmenleriň şöhratly taryhyny öwrenmekde, gadymy türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda alym Arkadagymyzyň kitaplary ýol görkezijidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynda hem gadymy “Küştdepdi” tansynyň halkymyzyň bagtyýarlyk döwründäki ruhy dünýäsinde tutýan ornuna ýokary baha berilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda şeýle parasatly pikirler beýan edilýär: “Küştdepdi” tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi — idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda, döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär”.

El hünäri — il gezer

ÝAZ ÝAÝLALY KEŞDELER Hakykatdanam, türkmeniň milli keşdeleri ýaz paslynyň ýaşyl ýaýlasyny ýadyňa salýar. Keşde üçin, esasan, ak, sary, gyzyl, gara reňkler saýlanyp alynýar. Bu reňkler biri-biri bilen sazlaşyp, üýtgeşik bir gözelligi, has takygy, gudraty emele getirýär. Şol gözellik bolsa türkmen zenanlaryny mähir-muhabbete besleýär. Şeýlelikde, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan läle-reýhan nagyşlardyr keşdeler nepisligi bilen göreni özüne bendi edýär.

Toý döwresiniň joşguny

Täze taryhy eýýamda milli medeniýetimiz, sungatymyz täze röwüşlere beslenip, kämillik derejesine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, döwletimizde halkara medeni çäreleriň geçirilmegi bilen, müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasymyz, medeniýetimiz hem sungatymyz dünýä ýaýylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli tans sungatymyz hem täze öwüşginlere eýe bolýar. Muny ýurdumyzyň halk döredijiligi, tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän ajaýyp tanslarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Tans sungatynyň taryhyna ser salanymyzda, halkymyzyň ajaýyp tanslarynyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. «Hymmyl», «Jigitler», «Çapak», «Çemçe», «Bibijan», «Çopanlar», «Nanaý», «Küştdepdi» ýaly tanslar joşgunlylygy, milliligi bilen tapawutlanýarlar. Türkmen tans sungatyny ýokary hünär derejesinde ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. W.Muhadowyň «Gyzlar tansy», A.Agajykowyň «Tans», D.Öwezowyň «Jigitler», A.Kulyýewiň «Halyçy gözel», Ç.Nurymowyň «Toý tansy», A.Abdyllaýewiň «Tansa çyk» atly eserleri sazlaşykly hereketleriň utgaşmagy bilen ýerine ýetirilýär. Tanslarda adamyň ylham joşguny, durmuşyň sazlaşygy, halkyň ruhy dünýäsi, tebigat bilen ynsanyň arabaglanyşygy dürli hereketler arkaly beýan edilýär.

Il içinde abraý alan «Akjaýar»

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iýun aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşan günlerim hakydamda ebedilik orun aldy. Şol günleriň birinde dünýäniň birnäçe döwletinden gelen aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň gezekli-gezegine bezemen sahnada edýän çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edip otyrdym. Ine-de, nobat ýurdumyzyň sungat ussatlaryna ýetdi. Belentden ýaňlanan deňiz tolkunlarynyň sesi, deňiz guşlarynyň owazy bilen sazlaşýan milli küştdepdidir gazallarymyz tutuş Awazany joşdurdy diýip aýtsam, ulaltdygym bolmasa gerek. Şonda biziň folklor toparlarymyzyň ýerine ýetiren küştdepdilerine doganlyk döwletlerden gelen wekilleriň hem goşulyşmagy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ýaşlarynyň birçene barandygyna garamazdan, ortada ýelgamak ýaly pyrlanyp küşt depýän ussatlaryň esasy bölegi «Akjaýar» halk folklor toparynyň agzalarydy. Indi 41 ýyl bäri il-günüň söýgüsini gazanyp gelýän «Akjaýar» halk folklor topary Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň Garagöl obasynda 1982-nji ýylda Oraztäç Ylýasowanyň ýolbaşçylygynda döredilýär. Topar şol döwürde öz düzüminde, esasan, uly ýaşly adamlaryň 25-sini jemläp, Mämmedoraz Hudaýberdiýew, Bibi Nyýazmämmedowa, Oguljemal Gurbanýazowa, Saparbibi Ýagşymämmedowa, Aşyrbibi Mirmämmedowa, Dursun Gulmämmedowa, Söýünmämmet Hudaýberdiýew, Tuwakmämmet Hudaýberdiýew,

Dehistanyň baýrynda

(Hekaýa) Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrlarynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde harby gulluk borjumy berjaý etdim. Ýyl ýarym töweregi gulluk edenimden soňra, bir gün ýanyma harby bölümimiziň dükanynyň satyjysy Aryf daýy geldi. Ol uzyn boýly, inçejik murtly, şadyýan adamdy. Aryf daýynyň dükanyndaky zatlaryň arasynda limonad bilen petir köke esgerleriň iň halaýan harytlarydy.

Sungatda yz goýan bagşy

«Beýik türkmen bagşy-sazandalaryndan bize miras galan saz sungaty ýyllaryň ýa ýüzýyllyklaryň däl-de, müňýyllyklaryň dowamynda ýaşaýar, baýlaşýar we hemişe çuňňur manylylygyna, döwrebaplygyna galýar. Ol bize, diňleýjilere Watany söýmegi öwredýär, biparh bolmagymyza ýol bermeýär we biziň durmuşymyzy gyzykly, manyly, aýdyň edýär. Biziň sungatymyzyň beýikligi hem, bakylygy-da şundadyr». Bu sözler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň nusgalyk ýollary we meşhur bagşy-sazandalar hakynda giňişleýin söhbet açýan «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabyndan alyndy. Kitapda ýene-de şeýle bellenilýär: «Damananyň ikinji şahasy Balkan welaýatynyň Serdar (häzirki Gyzylarbat) we Magtymguly etraplarynda ýaýrap, Ablyesen bagşy, Annahal bagşy, Soltan Atanepesow, Geldimämmet Orazgulyýew onuň görnükli wekilleridir. Halypalarynyň däplerini halk ýerine ýetirijileri Begmyrat Hojamyradow, Mämmet Hallymämmedow, Oraz Begniýazow, Baýramdurdy Garaýew, Japar Hojanepesow, Gurbanmämmet Garajaýew ýaly şägirtleri üstünlikli dowam etdirdiler». Ynha, biziň bu ýazgylarymyz hem milli bagşyçylyk mirasymyza uly goşant goşan, sungatda yz goýan senetkärleriň biri Gurbanmämmet Garajaýew barada.