Medeniýetim — sungatym

26 Iýul 2023
448

KÜŞT, KÜŞT, KÜŞTDEPDI

Türkmenleriň şöhratly taryhyny öwrenmekde, gadymy türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda alym Arkadagymyzyň kitaplary ýol görkezijidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynda hem gadymy “Küştdepdi” tansynyň halkymyzyň bagtyýarlyk döwründäki ruhy dünýäsinde tutýan ornuna ýokary baha berilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda şeýle parasatly pikirler beýan edilýär: “Küştdepdi” tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi — idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda, döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär”.

Beýleki habarlar