Sazandalar bäsleşdiler

27 Iýul 2023
599

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň etrap, şäher medeniýet merkezleriniň, oba medeniýet öýleriniň sazandalarynyň arasynda «Waspnama ýugrulýar şirin owazlar» atly hünär ussatlygy boýunça bäsleşik geçirildi. Welaýat Medeniýet müdirliginiň TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikde halkymyzyň gadymy aýdym-saz sungatyna höwesli sazandalar öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, Akdepe etrap medeniýet merkeziniň sazandasy Bäşim Gaýypow birinji, Boldumsaz etrabynyň Bitarap Türkmenistan geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň sazandasy Allaberdi Satlykow ikinji, Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň sazandasy Gurban Taganow üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar