Paýhas ojagynyň kitap gory artýar

2 Awgust 2023
397

Adam kitap okamak bilen medeniýetliligi öwrenýär, öz dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldýär. Ynsanyň kämilleşmeginde kitabyň ornunyň örän uludygy ykrar edilen hakykatdyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, kitap geljegiňi nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr. Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda kitap we kitaphana işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň kitap gorunyň üsti hem yzygiderli ýetirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri «Galkynyş» kitap merkezinden bu paýhas ojagyna täze kitaplaryň iki tapgyry gelip gowuşdy. Täze gelen 90-a golaý kitabyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik eseriniň 14-nji jildi hem-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitaplar hem bar. Häzirki wagtda kitaphanaçylar okyjylar köpçüligini täze kitaplar bilen tanyşdyrmak boýunça iş alyp barýarlar. Olar munuň üçin ýerlerde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, çagalar baglarynda bolup, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler, kitap sergilerini guraýarlar. Çünki ýaş nesilleriň ylym-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine möhüm orun degişlidir.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar