Her perdede bir dünýä (Ýaş žurnalistiň sözi)

28 Iýul 2023
509

Dutar — üýtgeşik bir senet, jadyly senet. Aslynda, türkmen öýüni bezeýän, türkmen öýüni gelşigine getirýän zatlaryň biri dutar. Haýsy öýüň dulunda dutar bar bolsa, şol maşgala salykatly, medeniýetli, düşünjeli görülýär. Haýsy öýüň töründe dutar bar bolsa, şol hojalyk döwletli, bereketli, rysgally hasap edilýär. Sebäbi bu gönüden-göni sungat bilen baglanyşykly. Ähli gowulyklar bolsa sungata sarpanyň bar ýerinde jem bolýar. Dutar dünýä düşünmegiň dilidir diýip bolar. Taryhyň dowamynda ata-babalarymyzyň ýow gününde-de, toý gününde-de ýanyndan goýmadyk gazma dutary juda täsin senet.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan.

Daňatar GALPAKOW,
«Nesil».
Beýleki habarlar