Medeniýet — milletiň mizemezligi

26 Iýul 2023
468

Ynsanlaryň arasyndaky ýyly gatnaşyklar olaryň näderejede birek-birege hormat goýýandyklaryny, sarpalaýandyklaryny görkezýär. Goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp göreliň! Bu gatnaşyk iki maşgalanyň arasyndaky dostanalygyň mizemezliginiň güwäsidir. Gurban baýramynda, Orazada, Nowruzda, Hasyl toýunda... elgaraz, bu baýramçylyklaryň bellenilýän günleri gelerem welin, iki goňşynyň arasyndaky hereketler ýygjamlaşýandyr görseň. O zatlar asyrlarboýy halkymyzyň ruhy aňyna siňen närseler. Indi şulara bilelikde näme diýilýär?! Elbetde — medeniýet! Ol milletiň ruhy sütüni, mizemezliginiň kepili. Ynsan ömrüniň dowamynda arkama-arka geçýän miras — bu medeniýetdir! Hut şonuň üçin ol sarpalanýar, goralýar.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini buýsandyran Karara gol çekdi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzda dabaraly geçirilen Medeniýet hepdeliginiň tamamlanan uçurlary, bu Kararyň diňe bir bu ulgamyň işgärlerini däl, eýsem, bütin türkmen halkynyň başyny gök diretdi. Hawa, resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Dogrusy, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeler başyňy göge diredýär, begenjiňi has-da artdyrýar. Bu hoş habar ýyldyrym çaltlygynda ýurdumyza ýaýrandan soňra, forumyň geçiriljek ýeri hakynda hyýalymyzda bolsa-da bir pursat süýji pikirlere gaplandyk.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar