Toý döwresiniň joşguny

26 Iýul 2023
535

Täze taryhy eýýamda milli medeniýetimiz, sungatymyz täze röwüşlere beslenip, kämillik derejesine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, döwletimizde halkara medeni çäreleriň geçirilmegi bilen, müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasymyz, medeniýetimiz hem sungatymyz dünýä ýaýylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli tans sungatymyz hem täze öwüşginlere eýe bolýar. Muny ýurdumyzyň halk döredijiligi, tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän ajaýyp tanslarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

Tans sungatynyň taryhyna ser salanymyzda, halkymyzyň ajaýyp tanslarynyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. «Hymmyl», «Jigitler», «Çapak», «Çemçe», «Bibijan», «Çopanlar», «Nanaý», «Küştdepdi» ýaly tanslar joşgunlylygy, milliligi bilen tapawutlanýarlar. Türkmen tans sungatyny ýokary hünär derejesinde ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. W.Muhadowyň «Gyzlar tansy», A.Agajykowyň «Tans», D.Öwezowyň «Jigitler», A.Kulyýewiň «Halyçy gözel», Ç.Nurymowyň «Toý tansy», A.Abdyllaýewiň «Tansa çyk» atly eserleri sazlaşykly hereketleriň utgaşmagy bilen ýerine ýetirilýär. Tanslarda adamyň ylham joşguny, durmuşyň sazlaşygy, halkyň ruhy dünýäsi, tebigat bilen ynsanyň arabaglanyşygy dürli hereketler arkaly beýan edilýär.

Läle Hojagurbanowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar