Ene çürçüri

1 Awgust 2023
376

Sazyň adama täsir edişi hakynda kän ýazyldy. Biziň bu gürrüňimiz şirin sazyň guşa, onda-da ene çürçürä täsir edişi barada. Şeýle hem goýun yzynda gezen sada çopanyň ezber sazanda bolşy barada.

Irkiräk döwürler gum obalarynyň birinde bir çopanyň goşunda arkasy dutarly ötegçi düşleýär. Saza teşne sada çopan oglan muňa begenýär. Ötegçi sazanda muny duýan ýaly, dessine dutaryny gabyndan çykaryp, saz çalyp başlaýar. Gum obasynyň ümsüm gijesinde saz ýaňlanyp ugraýar. Symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän şol gijede myhman sazanda şo-ol çalyp otyrmyşyn. Çopanam käte keçäniň ýüzüni tüýtmeläp, käte-de çokaýynyň oltaňyny dyrmalap diňläp otyrmyş. Sazanda bolsa kä «Nowaýydan», käte-de «Söýli halandan» tutduryp çopanyň ýüreginden turýarmyş.

Öwezmyrat ÝERBENDI.
Beýleki habarlar