"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Geçmişiň hem şu günüň waspy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr. Täze kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň üç dilde neşir edilen bu eserinde şöhratly taryhymyz bilen birlikde, eziz halkymyzyň dünýäniň ünsüni özünde jemleýän taryhy-medeni mirasy, bu babatda döwlet maksatnamalarynyň, düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada hem giňişleýin maglumat berilmegi aýratyn bellärliklidir. Taryhy müňýyllyklardan gözbaş alýan Änew şäheriniň geçmişi, binagärlik ýadygärlikleri barada örän gymmatly maglumatlar berilýän eserde Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde şu günki günde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler hakynda hem söhbet edilýär. Täze kitabyň dürli fotosuratlar, ussat suratkeşleriň eserleri bilen bezelmegi onuň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.

Syrly sungat dünýä ýaýylýar

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ejesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek gelnejäniň el işleriniň nusgalaryndan ugur alnyp, halyçy gelin-gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşik halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy, wagyz etmegi, ýaş halyçylaryň has ökdelerini ýüze çykarmagy, olaryň bu käre bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýär.

Ýaş nesil alada bilen gurşalýar

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Eziz Diýarymyzda bu ugurda alnyp barylýan döwletli tutumlar ýaş nesli bagtyýarlygyň gujagyna doldurýar. Güneşli Watanymyzyň çar künjünde hil taýdan halkara ülňülere laýyk gelýän, döwrebap tehnologiýalar, multimediýa, interaktiw ulgamlar, häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklary, sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri bagtyýar nesilleriň hyzmatynda. Çagalar sungat hem-de çeperçilik mekdepleri ýaş nesilleriň tebigy zehinlerini ösdürmäge, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Sungata höwesli çagalar ýerine ýetirýän işlerinde mähriban Watanymyza, ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýaş nesliň bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip, çagalaryň bagtyýarlygy hakyndaky aladany jemgyýetiň abadançylygynyň mizemez binýadyna öwren Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşly sözler dillerimiziň senasydyr.   

Bagtly çagalygyň ýurdy

Perzentleriniň edepli-ekramly, il-güne, ata Watana wepaly, ylymly-bilimli, hünärli nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak türkmen halkynda hemişede esasy aladalaryň biri bolupdyr. Bu babatda asyrlaryň dowamynda kämil ýörelgeler kemala gelipdir. Şol ýörelgeler ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil hakyndaky nusgalyk aladalary giň gerimliligi bilen buýsandyrýar. Şol aladalaryň çäklerinde, çagalaryň tebigy zehinukybyny ýüze çykarmakda, olary sungatyň dürli ugurlaryna gönükdirmekde ýetilýän sepgitler guwandyryjydyr. Munuň özi geljekde çaganyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda ähmiýetlidir. Zehinli körpeleriň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» ýaly bäsleşikleri möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Tebigy zehinbaşarnykly çagalaryň uly toparyny ýüze çykarýan bu bäsleşikleriň guwandyryjy netijeleri tutuş halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle zehinli çagalaryň kemala gelmeginde mynasyp goşandymyzyň bolmagy buýsançly başymyzy hasda belende göterýär.

Medeniýetiň ojagy

Asyrdan-asyrlara uzap gidýän gadymyýetiň jümmüşine näçe içgin aralaşdygyňça, türkmen halkynyň beýik we şöhratly halkdygy baradaky gymmatly maglumatlary bilmek bolýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem gadymy Änew medeniýetiniň taryhynyň öwrenilişine täze badalga berdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň taryhy indi 120 ýyl çemesi wagtdan bäri dünýä alymlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Dogrudan-da, bu medeniýetiň taryhyna bagyşlanyp, köp ylmy işler edildi. Olaryň ilkinjileriniň biri Rafael Pampelli tarapyndan 1908-nji ýylda Waşingtonda «Türküstandaky barlaglar» ady bilen çap edilen iki jiltlik ylmy işdir. Taryhçy alym Änewiň demirgazyk depesinden tapylan ak bugdaýyň dänelerini, zähmet gurallaryny we süňkleriň galyndylaryny öwrenip, bu ýerde, esasan, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösendigini tassyklaýar. Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmek XX asyryň 30-njy ýyllarynda hem dowam etdirildi. Aýratyn-da, bu medeniýeti arheologiýa maglumatlarynyň üsti bilen öwrenmekde türkmen-amerikan arheologlary köp işleri etdiler.

Taryhyň beýany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp kitapda halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Kitabyň baplary arheologik tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümlerden ybarat bolan bu kitapda asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy Änew medeniýeti, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar barada gyzykly maglumatlar berilýär. Pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Kitabyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar

Magtymguly — akyldar şahyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasaty, medeni diplomatiýasy netijesinde ýurdumyzda Gündogaryň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Bu babatda şu ýylda amala aşyrylýan giň gerimli işler, geçirilýän halkara çäreler munuň şeýledigini subut edýär. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli dabaralara badalga berilmegi dünýäniň dürli yklymlarynda ýaşaýan magtymgulyşynaslaryň ünsüni onuň eserlerine ýene bir ýola gönükdirmek bilen, edebiýaty söýüjileriň Magtymgulynyň şygyrlaryna bolan hormatyny, şahyryň tutuş adamzat aňyýetiniň kämilleşmegini nazarlaýan eserlerini öwrenmäge bolan isleg-hyjuwyny has-da artdyrdy. Bu ýagdaýyň türkmen halkynyň milli hem ruhy baýlyklaryna bolan söýginiň artmagyna, pähim-paýhasa, sözüň beýik güýjüne sarpa goýýan nesilleriň kemala gelmegine täsir edýändigi öz-özünden düşnükli. Şonuň bilen birlikde-de, ol akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen we ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleriniň häzirki döwürdäki ähmiýetiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Sungat — dünýä bakýan penjire

Mekdebi tamamlan döwürlerim ýokary okuw jaýyna girmek üçin synaglara taýýarlyk görüp, kitap baryny okardym. Wagtymyň köp bölegi kitaphanada geçerdi. Şol döwürler ejem maňa: «Berekella gyzym, seniň kitaplar bilen dostlaşýanyňa, aňyňy ösdürýäniňe, esasan hem kitaplara barha ysnyşýanyňa diýseň begenýärin. Hemişe kitaplara ýakyn bol gyzym, çünki gülüň golaýynda dursaň gül ysyny alýansyň, kitap bolsa aňda açylýan güldür. Onuň müşk ysy sözläňde sözüň arkaly daş-töweregiňe ýaýrar durar» diýipdi. Uly adamlaryň aýdýan sözlerini hemişe üns bilen diňlemegim, olary ýadymda saklamagym maňa durmuşda köp peýda getirýär. Hakykatdan hem, adam gowy zady ömrüne hemra edinse gowy durmuşda ýaşaýar. Kitap — ylym, ylym bolsa ýaşaýşyň açary. Kitaplaryň gatlarynda ylym hem, adamlaryň ykbaly hem ýüzüniň perdesini açýar. Kitap her bir okyja oýlanyp sözlemegi, söz manysyna düşünmegi, sözüň gadyryny bilmegi, akyla eýermegi öwredýär. Halkymyzyň hakydasyna siňip galan ajaýyp kinofilmler, spektakllar, gülküli sahnalardyr başga-da ýüzlerçe sungat eserleri hem hut kitaplaryň edebi esasy boýunça sahnalaşdyrylyp, surata düşürilýär. Şeýle bolansoň, kitaby okap başlan badyňa ondaky wakalar edil kinofilm ýaly gözleriň öňünde janlanyp ugraýar.

Söýginiň sesi (tymsal)

Bir gezek mugallym okuwçylaryndan: — Näme üçin adamlar dawa-jenjel edenlerinde gygyryp gürleşýärler? — diýip sorapdyr. Okuwçylaryň biri: «Sebäbi olar rahatlygyny ýitirýärler» diýip jogap beripdir. Onda mugallym:

Gurjak artistleriniň üstünligi

Türkmen döwlet gurjak teatry 24 — 27-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 19-njy «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Festiwala 8 döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Ispaniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Kubanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, şeýle hem Türkiýäniň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Baky rowaýatlar» atly oýunda Seýit Jemaleddiniň ýadygärligi bilen bagly rowaýat janlandyrylýar. Sahnada ahalteke bedewiniň, edermen alabaýyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşpleri görkezildi. Türkmen halysy, şaý-sepleri görkezilip, dutaryň ajaýyp owazy ýaňlandy. Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň baş müdirliginiň Ankara şäherindäki sahnasynda köpçülige ýetirilen çykyş tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine hem-de ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Iň gowy mekdep kitaphanasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlara bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzda bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat kitaphana işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilim edaralarynyň we pedagogika işgärleriniň arasynda yglan eden «Iň gowy mekdep kitaphanasy» atly bäsleşiginiň golaýda geçirilen döwlet tapgyry-da bu ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Milli gymmatlyklara sarpa

Beýik tutumlar, şanly wakalar, şöhratly menziller milletiň buýsançly taryhyny kemala getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň täze altyn sahypalarynyň ýazylýan eýýamydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşi tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen hem-de agzybir halkymyzyň ýürek arzuwy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň taryhy pursatlary muny jümle-jahana ýaýýar. Merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýan şeýle şanly wakalaryň mazmun taýdan biri-biriniň üstüni ýetirýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy köňül buýsanjymyzy goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu kitaby ýazmak bilen, öňde goýýan baş maksadynyň türkmen we daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdygyny aýratyn belläp geçýär. Şunuň ýaly asylly hem-de beýik maksat bilen ýazylan bu eser ýene-de bir buýsançly hakykaty, ýagny peder ýoluny dowamata atarýan Ar

Milli gymmatlygymyz — mertebämiz

Türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr. Ata-babalarymyz öz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Asyrlaryň dowamynda bedew halkymyzyň aňynda hasyl bolan arzuwyň, maksada okgunlylygyň, ýeňiş gazanmaga erk-islegiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Häzirki döwürde bedewleriň ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň kuwwatyny we ägirt uly üstünliklerini özünde jemleýän özboluşly gymmatlyga öwrülendigini bellemek gerek. Ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli işi arassa ganly behişdi bedewleriň tohumynyň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, döwrebap ugurdaş düzümiň kemala gelmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini wagyz etmäge ýardam berdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aý

Bäsleşigiň etrap tapgyry

Ýakynda Görogly etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa zehinli bagşy-sazandalaryň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjy bagşy-sazandalaryň dutarda joşup ýerine ýetiren aýdym-sazlary ildeşlerimizde ýakymly duýgulary döretdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmek babatdaky ukyp-başarnygyny görkezen bagşy-sazandalar halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýändiklerini çykyşlarynyň üsti bilen aýan etdiler. Halypa aýdymçylardan ybarat eminler topary ýaş zehinlileriň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnygyna, sahna medeniýetiniň sazlaşygyna, şirin zybanyna, aýdymlaryň sözleriniň çeperçiligine we aýdylyş derejesine baha berdiler.

«Atda wepa-da bar, sapa-da»

24-nji aprelde Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli yglan eden bäsleşiginiň jemine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlarymyz, ýazyjydyr şahyrlar, žurnalistler, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar türkmen bedewini wasp edýän goşgularydyr makalalary bilen gatnaşdylar. Poeziýa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna şahyr Öwez Gurbanýazow, makala žanry boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew mynasyp boldy. Şeýle-de döredijilik bäsleşiginde II, III orunlara eýe bolanlara Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Belent ruha beslenen dabarada çykyş edenler Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, janlarynyň sag, başlarynyň dik bolup, il-ýurt bähbitli işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Magtymgula bagyşlanan duşuşyk

22-nji aprelde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy M.Kasymow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr S.Ilamanow Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr N.Gozlyýewa, filologiýa ylymlarynyň kandidaty T.Täçmämmedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy G.Annanyýazowa dagy çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi belent watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, ýaşlary ene dilimiziň baý hazynasyny inçeden öwrenmäge höweslendirmek, olaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek barada täsirli gürrüň berdiler. Bu ýerde guralan sergide ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap çeken suratlary görkezildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyplary duşuşygy akyldar şahyryň sözlerine

«Türkmen binasy» konserti

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen «Türkmen binasy» atly konsert geçirildi. Dabarada Suhan Tüýliýewiň gargy tüýdük we kirişli saz gurallary orkestri üçin ýazan «Pendi nagmalary» atly eseri, «Uzuklar» atly sazly rowaýatyndan «Näzigiň lälesi» bölümi ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Dünýä, heý» atly wokal toplumyndan Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Ili gözlär», «Pukaraýam», «Ýeldim tut» ýaly aýdymlary ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda S.Tüýliýewiň wiolonçel we orkestr üçin döreden eseriniň 1-2-nji bölümi, gargy tüýdük we orkestr üçin döreden eseri ýerine ýetirilende, Magtymguly Pyragynyň «Gözelim», «Türkmeniň», «Äleme belgilidir», «Begler» atly goşgulary okaldy.

«Atym bar — ganatym bar»

Şeýle at bilen 22-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, erkin suratkeşleriň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň sergisi öz işine başlady.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň muzeýe gezelenji

Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Muzeýde saklanylýan milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda dürli döwürlerde hut Amul galasyndan ýüze çykarylan tapyndylaryň hem 200-e golaýy bar. Halkymyzyň şöhratly taryhyna şaýat bolan tapyndylar ylmy ähmiýete eýedir. Hususan-da, galadan tapylan kümüş we mis teňňeler, terrakotalar, keramiki we toýundan ýasalan gap-gaçlary, olary bişirmek üçin niýetlenilen üç aýakly enjam mirasgärlerde, syýahatçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Pyragydan ruhlanan ussat

25-nji aprelde şeýle at bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçirildi. Serginiň açylyş dabarasynda halypa heýkeltaraşlar Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Özbegistanyň halk suratkeşi Akmal Nuridinow, Täjigistan Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargiz Hamidowa, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de halypa nakgaşyň gyzy Oguljeren Hajyýewa çykyş etdiler. Olar Aýhan Hajyýewiň belent adamkärçiligi, milli şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy hem-de ýetişdiren şägirtleri barada aýratyn durup geçdiler. Sergide A.Hajyýewiň dürli ýyllarda döreden, muzeýiň gaznasynda saklanylýan «Alabahar», «Asyrlarboýy edilen arzuwlar hasyl boldy», «Oba gyzlary», «Gäwers düzlügi», «Parahat Zeminde», «Aksakgal», «Ýaşuly», «Harmanda», «Döwür barada oýlanma» we beýleki eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy.